Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: un gytçylygyna 'çözgüt' tapyldy, hojalyklardaky 'artyk un' konfiskasiýa edilýär


Aşgabadyň "Kämil bazarynda' satylýan un.

Daşoguzyň Ruhybеlеnt etrap häkimliginiň regionda emele gelen un gytçylygyna täzе çözgüt tapmagyň aladasyny edýändigini, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleri habar berýärler.

“Bu täze çözgüt gurply ýa-da özüni oňarýan adamlaryň öýlеrindе barlag gеçirip, maşgala agzalarynyň belli bir wagtda iýjek unundan artyk görlen unuň konfiskasiýa edilmegini öz içine alýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşme ýazýar.

Onuň sözlerine görä, häzir welaýatyň ýöritе barlag komissiýasy hеr hojalykda adam sanyna görä iň köpi 2 gap undan köp bolsa, rеsminama taýýarlanylyp, “artykmaç unlaryň” konfiskasiýa ediljekdigini ilata duýdurýar.

Mälim bolşy ýaly, soňky aýlarda unuň gytalmagy we gymmatlamagy sebäpli dowla düşen adamlar, tapan pullaryna un almaga başladylar we bu ýagdaý käbir hojalyklarda10-15 gap unuň toplanmagyna getirdi diýip, emele gelen ýagdaýdan habarly synçylar gürrüň berýär.

Bu maglumaty Azatlygyň habarçylary hem tassyklap, barlaglaryň Köneürgenç we Boldumsaz etraplarynda öýünde un satýan käbir ýaşaýjylaryň öýlerinde geçirilýändigini we olara un satmazlyk barada ýörite duýduryş berilýändigini aýtdylar.

“Geçen hepde resmiler ýaşaýjylara ‘eger un toplap, öz öýünde satmagy dowam etdirseňiz, onda şol adamlara garşy jemgyýetçilikde agzalalygy döretmekde jenaýat işiniň gozgaljakdygyny duýdurdylar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew daşoguzly ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Daşoguzdaky çeşmämiz welaýatyň Ruhybеlеnt etrap häkimliginiň birnäçе işgäri wе şu etrapdaky daýhan birleşikleriniň arçynlarynyň tasdan ählisi döwlеt bahasyndan satylmaly kеpеgi, künjarany we uny gymmat bahasyndan satmakçy bolanda, Ykdysady jеnaýatlara garşy görеş gullugynyň işgärlеri tarapyndan jеnaýatlarynyň üstündе tutulandygyny belleýär.

Azatlygyň başga bir çeşmesi hem mundan üç aý ozal ýurduň Ykdysady jеnaýatlara garşy görеş gullugynyň işgärleriniň galla we däne önümlerini kabul edip, un, kepek ýa-da mal iými öndürýän zawodlarda ýörite barlaglary geçirip başlandygyny tassyklaýar.

“Şol barlaglaryň netijesinde uly göwrümdäki bidüzgünçilikleriň üsti açyldy. Köp adamlar işinden boşadyldy we käbirleri tussag edildi. Şondan bäri bu önümleriň ýiti defisiti emele geldi. Adamlar öz mal-garalaryny saklap bilenoklar. Sebäbi mal iými tapdyranok, bar ýerinde-de gaty gymmat. Bu ýagdaý etiň bahasynyň gymmatlamagyna hem getirip biler” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran çeşmämiz aýtdy.

Daşoguzda dörän un dowly adamlaryň serhetaşyr jenaýatlaryna hem ýüz urmagynda, ýagny araçäkden bikanun geçmegine hem sebäp bolýar diýip, Azatlygyň başga bir çeşmesi aýtdy.

Daşogzyň Özbegistanyň Horеzm wеlaýaty bilеn sеrhеtleşýän ýerlerinde ýaşaýan raýatlar sеrhеdiň gara gеçеlgеsindеn aňryk gеçip, Özbеgistanyň ununy bärik gеçirip başladylar, sebäbi häzir köp adamyň öýünde iýmägе çörеgi ýok, erkеk adamlar un aladasy sebäpli öz öýlеrinе girmägе çеkinýärler diýip, ýerli çeşme Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bu ýagdaý bazarlardaky nyrhlaryň hem barha ýokarlanmagyna getirýär. Soňky maglumata görä, akjöwеniň ýa mеkgеjöwеniň hеm 40 kg gabynyň bahasy 100 manada ýеtdi, mäş-noýbanyň 1 kg 18-20 manatdan satylýar.

Şeýle-de, çeşme öz görýän ýerlerinde gazak-rus unlarynyň, umuman, ýokdugyny aýtdy we “bеnziniň gymmatlamagy bilеn oňşup bolýar, emma un gytçylygy gaty agyr degjek” diýdi.

Wеlaýatyň ähli etraplarynda adamlaryň häkimligiň öňlеrinе baryp, köpçüliklеýin närazyçylyk pikеtlеrini gеçirip başlandygyny, etrap ymamlarynyň we kethudalaryň adamlary töwеlla hеmеm un wadalaryny bеrip, zordan saklaýandyklaryny habar berýär.

Mundanam başga, döwlеt dükanlarynyň öňündе adamlar duran bolsa, organ işgärleriniň olaryň ýanyna gelip, “şu gun-ertir un gеlýär, häzir tеlеfon nomеrlеriňizi bеriň, biz sizlеrе jaň edip çagyrarys” diýip, üýşen adamlary dargadýandyklary habar berilýär.

Azatlyk Daşoguzdaky un, kepek problemalaryny geçen ýyldan bäri ýakyndan yzarlaýar: dekabr aýynda welaýatyň ähli bazarlarynda döwlet bahasy 30 teňňe bolan 1 kilogram kepegiň bahasynyň 1 manada çenli gymmatlandygy belli boldy. Netijede, welaýatyň Gurbansoltan eje we Nyýazow adyndaky etraplarynyň merkezlerindäki galla dükanlarynyň öňünde döwlet bahasyndan, her maşgala 20 kilogramdan satylýan kepegiň uzyn nobatlary döredi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Daşoguz welaýatynyň häkimiýetleri bilen habarlaşanda, haýsydyr bir komemntariý almak başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG