Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýylda her ýüz müň raýatdan 15.8 adamyň özüni heläkleýändigi aýdylýar


Derman bilen özüni heläklän aýal. Bezeg suraty

3-nji iýulda Duşenbede okalan jemgyýetçilik leksiýasynda Merkezi Aziýada adamlaryň öz janlaryna kast etmeginiň 30 ýyllyk maglumatlaryna syn berildi we bu sebitde, şol sanda Türkmenistanda öz janyna kast edýänleriň möçberiniň dünýäde her 100 müň adama düşýän 11.4 adam möçberinden aňryk geçýändigi aýdyldy.

Merkezi Aziýada öz janyna kast edýänler baradaky leksiýa Duşenbedäki Merkezi Aziýa uniwersitetiniň Medeni miras we ynsanperwerçilik ylymlary bölümi tarapyndan guralyp, onda ABŞ-nyň Hýuston-Dawntawn uniwersitetiniň sosial işler boýunça mugallymy Şahnaz Sawani Merkezi Aziýada öz janyňa kast etmek: Töwekgellik we gorag faktorlarynyň sistematiki derňewi diýen temadan leksiýa bilen çykyş etdi.

Leksiýada aýdylmagyna görä, her ýyl dünýäde 1.5 milliona golaý adam öz janyna kast edýär. Öz janyna kast edýänleriň 76 prosenti pes we orta girdejili ýurtlara düşýär, bu betbagtçylygyň çen bilen 60 prosenti diňe Aziýa ýurtlarynda bolýar.

Barlaglaryň görkezmegine görä, öz janyna kast edýänleriň her 100 müň adama düşýän global derejesi – 11.4 bilen deňeşdirilende, Merkezi Aziýada (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) özüni öldürýänleriň möçberi köplenç kän bolýar.

Bu sebitde öz janyna kast edýänleriň möçberi boýunça Gazagystan (48.1) iň ýokarda durýar, ikinji Türkmenistan (15.8), soňra Özbegistan (13.6), Gyrgyzystan (13.4) gelýär. Sebitde her ýüz müň adamdan öz janyna kast edýänleriň möçberi Täjigistanda iň az adam bolsa-da, bu ýurtda hem tendensiýanyň ýokarlanýandygy aýdylýar.

Şahnoz Sawaniniň pikirine görä, sebitde ilatyň köp uýýan dini bolan yslam hem janyna kast edýänleriň azalmagy ugrundaky tagallalara oňyn täsir ýetirmeýär. Sebäbi yslamda öz janyňa kast etmek ýazgarylýar we kömege mätäç adamlar babatda açyk gürrüň edilmezligi jana kast edilmeginiň öňüni almakda kän peýda getirmeýär.

Leksiýada barlaglaryň esasy töwekgellik faktorlarynyň üstüni açandygy hem aýdyldy, olar 11 sany aýratyn alnan töwekgellik faktorlary bolup, esasan nika we maşgala zorluklary bilen bagly.

Türkmenistanda öz janyna kast edýän adamlar barada açyk statistiki maglumatlar çap edilmeýär, emma ýerli synçylar, Azatlygyň habarçylary bu meseläniň türkmen hökümetiniň halkara guramalaryna berýän resmi maglumatlarynda görkezilişinden has çynlakaý bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.

Türkmenistan, ekspertleriň pikirlerine görä, ýakyn taryhynda iň çynlakaý ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýär, şol bir wagtda häkimiýetler okuwçylary, studentleri öz pullaryna dürli eşikleri alyp, resmi çärelere gatnaşmaga mejbur edýärler. Bu ýagdaý adamlaryň ozalam kyn durmuşyny has agyrlaşdyrýar, ýaş adamlaryň käbiri çykalgasyzlykdan utanyp, öz janyna kast etmäge synanyşýar diýip, maý aýynyň aýagynda Azatlyk bilen gürleşen saýatly ýaşaýjylar aýtdylar.

Mundan başga, çeşmeler ýurtdaky syýasy-ykdysady ýagdaýlaryň işsiz, gazançsyz, azyk we derman almaga pullary ýetmeýän maşgalalara agyr täsir ýetirýändigini habar berýärler. Şonuň bilen bir wagtda, sosial ulgamlarda ýaş adamlary öz janyna kast etmäge iteklemek tagallalarynyň hem göze ilýändigi, bu işiň soňky döwürde, rus dilindäki analogynyň mysalynda, türkmen dilindäki synanyşyklarynyň hem bolandygy habar berilýär.

“Öz janyňa kast etmegiň pidalary bar, bu esasan beýik binalardan bökmek bilen bagly, anyk sanyny bilemok, ýöne hassahanalarda, trawmatologiýa klinikalarynda diri galanlar hakynda gürrüň edýärler” diýip, Azatlygyň saglyk edarasyndaky çeşmesi aýtdy.

Şeýle-de ol maşgala zorlugy esasynda öz janyna kast edýän aýallaryň sanynyň köpelendigini, olaryň esasan özlerini otlaýandygyny, sirke, ýod ýaly zatlary içýändigini gürrüň berdi.

Azatlygyň saglyk edaralaryndaky çeşmeleri saglyk harajatlaryny çekmäge serişde tapmaýan, karz alsa, alan karzyny üzüp bilmejegini bilýän näsaglaryň arasynda hem özüni heläklemäge synanýan adamlaryň bolýandygyny habar berýärler.

“Birinden karz sorasam, ol bereni bilen men üzüp bilmejegimi bilýärin. Hassahana işi düşen adamlaryň köpüsiniň güni şeýle. Keselhana barýan adam hem ýok indi kän. Her kim öz öýünde ölenini gowy görýär” diýip, maryly bir ýaşaýjy geçen Azatlygyň habarçyna öz ýagdaýyny gürrüň berdi.

Anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäriniň sözlerine görä, huşuny ýitiren hassalaryň arasynda özüne gelenden soň, keselhana harajatlaryny töläp bilmän, özüni keselhana jaýynyň 3-nji, 4-nji gatyndan aşak taşlamaga synanyşyk edýärler hem bolýar.

“Ýod [içmäge synanyşýarlar], ýa-da asylyp öljek bolýarlar, sebäbi olaryň puly ýok. Bejergiden soň tölemeli bolýarsyň” diýip, maryly söhbetdeşimiz aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň bu mesele boýunça resmi düşündiriş almak üçin eden synanayşyklary häzirlikçe netije bermeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG