Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde hapa taşlanýan aýry-aýry gaplar goýulýar. Zir-zibiller soň näme ediler


«Tazalyk» işgärleri hapa atmak üçin aýry-aýry gaplary goýýarlar. Bişkek, 2019-njy ýylyň 2-nji iýuly.
«Tazalyk» işgärleri hapa atmak üçin aýry-aýry gaplary goýýarlar. Bişkek, 2019-njy ýylyň 2-nji iýuly.

Bişkek şäheriniň häkimligi hapa taşlanýan gaplary ilkinji gezek aýry-aýry edip başlady. Paýtagtda plastika, kagyz hem çüýşe galyndylar üçin aýratyn gapyrjaklar goýylýar. Plastika şäheri doldurdy, onuň ekologiki heläkçilige getirmegi mümkin diýip, şäher häkimligi howsala turuzýar.

Ol gaplary goýmak – meseläni çözmegiň ilkinji ädimi. Kanuny üýtgetmek gerek, giň çäkde düşündiriş işlerini alyp barmaly hem hapa-galyndylary gaýtadan işleýän zawod döretmeli. Häzir bolsa paýtagtda hapalary görnüşi boýunça saýlaýan maşyn hem ýok. Şu tipli gapyrjaklaryň bir toplumyny döretmek üçin, 12 müň som gerek bolýar.

Şäherde häzir 3 gapyrjakdan ybarat hapa taşlanýan toplumlaryň diňe 10 sanysy döredildi. Olardan 6 sanysy Kurmanjan Datki seýil bagynda hem 4-si Manas we Çuý şaýollarynyň kesişýän çatrygynda goýuldy.

Yzygiderli artyp barýan gaty plastiki galyndylar möhüm mesele bolup, özüniň tiz çözgüdine garaşýar. BMG-niň maglumatyna görä, dünýäde her ýylda bir trillion selofan gapyrjaklar öndürilýär. Eger şu ýagdaý dowam etse, 2050-nji ýylda dünýä okeanynda plastik gaplar balykdan köp bolar. Adaty iş ýerlerinde ulanylýan kagyzlar iki ýylda topraga garylýarlar, taşlanan gaty plastiki gaplaryň topraga garylmagy üçin, 100 ýyldan, 500 ýyla çenli wagt gerek.

Gyrgyzystanyň plastiki galyndylardan halanmagy agyr ýagdaýa baryp ýetendigini 1-nji Maý raýonynyň häkiminiň orunbasary Mawlýan Askarbekow aýdýar:

“Plastika biziň ýurdumyzda diňe şäherlerde däl, ähli ýerde: Bişkek – Oş aralygyndaky uly ýoluň ugrunda ýerleşýän Ala-Arçada-da doly. Men Bişkegiň golaýyndaky hapa taşlanýan poligona baryp gördüm. Ol ýerde on müňlerçe tonna hapa toplanypdyr, hatda kiçeňräk zäherli köljagazam döräpdir. Munuň ählisi ertir ýa-da soňky gün ekologiki heläkçilige getirip biler. Biziň şu günki borjumyz – ekologiýany gorap, plastiki galyndylaryň ol poligona dökülmeginiň öňüni almak”.

Gyrgyzystanda plastik gaplary öndürmegiň hem ony ulanmagyň normatiw derejesini kadalaşdyrýan kanun aktynyň ýokdugyny ýatlatmagymyz gerek.

«MoveGreen» jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy Mariýa Kolesnikowa Gyrgyzystanda şäher derejesinde hapa galyndylary gaýtadan işlemek üçin, şertiň ýokdugyny aýdýar.

“Hapa taşlanýan gaplaryň aýry-aýry edilmegi – meseläniň çözgüdi däl, ilat arasynda informasiýa işlerini alyp barmak gerek ýa-da hapalary toparlara bölmegiň maksadyny kanunlaşdyrmaly. Iň esasy mesele – ony nirä eltip dökmeli? «Tazalyk» gullugynyň maşynlary aýry-aýry galyndylary çekmäge ýöriteleşdirilen däl. Olara ýörite täze enjamlary almak zerur bolar” diýip, ol aýdýar.

Muňa garamazdan «MoveGreeniň» ýolbaşçysy Bişkek şäheriniň ýaşaýjylary plastiki galyndylaryň gaýtadan işlenmegine düşünjeli çemeleşip, bu işe ýardam bermäge taýýardygyny ykrar edýär. Sosial ulgamdan peýdalanýanlaryň köpüsi paýtagtyň işgärleriniň täze başlangyjyna oňyn seslenme bildirýärler.

Material AÝ/AR-nyň gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG