Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

S-400 getirilip başlandan soň, ABŞ, Türkiýe doly derejeli krizise golaýlaýar


Türkiýe Orsýetde öndürilen S-400-leriň ilkinji böleklerini kabul edýär. Murted aeroporty, 12-nji iýul, 2019.
Türkiýe Orsýetde öndürilen S-400-leriň ilkinji böleklerini kabul edýär. Murted aeroporty, 12-nji iýul, 2019.

Ankara 12-nji iýulda Orsýetiň S-400 raketa gorag ulgamynyň ilkinji tapgyrlarynyň gelip başlandygyny we munuň yzynyň boljakdygyny aýdandan soň, Birleşen Ştatlar NATO agzasy Türkiýe bilen doly derejeli krizise golaýlady.

Emma muňa garamazdan, ABŞ adminstrasiýasy muňa nähili jogap berjekdigini aýtmady we mümkin bolan çäreleri düşündirmek üçin şol gün giçlige planlaşdyrylan metbugat ýygnagy “näbelli möhlete” soňa goýuldy.

ABŞ-nyň iş başyndaky goranmak sekretary Mark Esper öz türk kärdeşi Hulusi Akar bilen 30 minut çemesi telefonda gürleşdi, emma Pentagon bu söhbetdeşligiň detallaryny açmakdan boýun gaçyrdy.

Emma muňa garamazdan, Türkiýäniň Goranmak ministrligi Akaryň “öz amerikan kärdeşine Türkiýe çynlakaý howa we raketa wehimi astynda galýar, onsoň S-400 raketa gorag ulgamyny satyn almak bir seçgi däl-de, zerurlyk boldy” diýendigini aýtdy.

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň Daşary işler komiteti beýanat çap edip, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana “örän açyk seçginiň berlendigini, emma onuň ýalňyş seçgini saýlap alandygyny” aýtdy. ABŞ Ankara rus raketalaryna derek Birleşen Ştatlarda öndürilen “Patriot” raketa ulgamyny satyn almagy teklip edipdi.

XS
SM
MD
LG