Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Orsýet, Hytaý we Pakistan “Talybany” owgan hökümeti bilen göni gepleşiklere çagyrýar


ABŞ-nyň Owganysatan üçin parahatçylyk ilçisi Zalmaý Halylzad Katarda “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşikleriniň sekiz tapgyryny geçirdi.
ABŞ-nyň Owganysatan üçin parahatçylyk ilçisi Zalmaý Halylzad Katarda “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşikleriniň sekiz tapgyryny geçirdi.

Birleşen Ştatlar, Orsýet, Hytaý we Pakistan “Talybany” derhal ýaraşyga we owgan hökümeti bilen göni gepleşiklere başlamaga razy bolmaga çagyrdy.

Bu dört ýurt 11-12-nji iýulda Pekinde, ABŞ-nyň we halkara guarmalarynyň Owganystanda tas 18 ýyl bäri dowam edýän urşy soňlamak üçin edýän tagallarynyň çäginde gepleşik geçirdi.

ABŞ-nyň döwlet departamenti tarapyndan 12-nji iýulda çap edilen beýanatda dört ýurduň “taraplaryň ählisini, owganara gepleşikleri bilen başlanjak ählumumy we hemişelik ýaraşyga, zorlugy azaltjak çäreleri görmäge çagyrandyklary” bellenýär.

Şeýle-de bu ýurtlar “Talybany”, “mümkin boldugyça çalt parahatçylyk çarçuwasyny döretmek üçin”, prezident Aşraf Ganiniň hökümeti, beýleki owganlar bilen göni gepleşiklere girmäge çagyrdylar.

Bu beýanat “Talyban” we owgan delegasiýasy, şol sanda hökümet resmileri 9-njy iýulda Katardaky gepleşiklerde geljekdäki syýasy ylalaşyk üçin ýol kartasyny düzmek barada ylalaşanlaryndan soň edildi.

ABŞ-nyň Owganystan üçin parahatçylyk ilçisi Zalmaý Halylzad Katarda “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşikleriniň sekiz tapgyryny geçirdi we 9-njy iýuldaky gepleşikleriň şu wagta çenli “iň netijeli gepleşik” bolandygyny aýtdy.

Şu aralykda Nangarhar welaýatynda bir oglan toýda özüni partladyp, azyndan 9 adamy, şol sanda hökümetçi milisiýanyň komandirini, onuň iki ogluny öldürdi.

XS
SM
MD
LG