Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestçiler Almatyda sinjiaňly gazak aktiwistiniň azat edilmegini talap etdiler 


Atažurt Eriktileri (Watan meýletinçileri) toparynyň lideri Serikžan Bilaş
Atažurt Eriktileri (Watan meýletinçileri) toparynyň lideri Serikžan Bilaş

12-nji iýulda onlarça adam Gazagystanyň Almaty şäherinde toplanyp, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň sebitinde etniki gazaklaryň içerki sürgüne sezewar edilişi barada mesele gozgan toparyň lideriniň öý tussaglygyndan azat edilmegini talap etdiler.

Protestçiler prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Serikžan Bilaşa bildirilýän etniki agzalalyga meçew bermek aýyplamasynyň ýatyrylmagy meselesine gatyşmagyny talap etdiler.

Demonstrasiýaçylar “Serikžan milli gahryman”, “Serikžany gorkuzmak ähli gazagy gorkuzmagy aňladýar” diýen şygarlar ýaylan plakatlary galdyrdylar.

Atažurt Eriktileri (Watan meýletinçileri) toparynyň lideri Bilaş martdan bäri paýtagt Nur-Soltanda öý tussaglygynda saklanylýar. Ol Gazagystanda oturym alan sinjiaňly etniki gazaklar bilen birnäçe ýygnanyşyk gurandan soň tussag edildi.

Gazagystanda ýaşýan sinjiaňly gazaklar Hytaýdaky garyndaşlarynyň ol ýerde içerki sürgünlikde saklanmagyndan şikaýat edýärler.

Bilaş Gazagystan bilen serhetleşýän Sinjiaňda doguldy, ýöne soňra gazak raýatlygyny aldy.

XS
SM
MD
LG