Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Eýrana, Siriýa gitmejegine kepillik berse, gämisini boşatmaga kömek eder


Britaniýanyň daşary işler ministri Jeremy Hunt
Britaniýanyň daşary işler ministri Jeremy Hunt

Britaniýa Tährana, eger “Grace 1” gämisiniň ÝB sanksiýalaryny bozup, Siriýa gitmejegine kepillik berse, Eýranyň Gibraltarda saklanan nebit tankerini boşatmaga “kömek bermek” teklibini etdi.

Britaniýanyň daşary işler ministri Jeremy Hunt bu teklibi 13-nji iýuldaky telefon söhbetdeşliginde, öz eýranly kärdeşi Mohammad Jawad Zarife etdi.

"Men oňa öz aladamyzyň Grace 1 gämisiniň barýan ýeri bilen baglydygyny, nebitiň gözbaşy däldigini we Birleşen Patyşalygyň, eger-de gäminiň Siriýa gitmejegine kepillik alsa, [Gibraltar] sudlarynyň bolmaly prosesinden soň goýberilmegine ýardam etjekdigini ynandyrdym” diýip, Hunt twitterde ýazdy.

ÝB-niň, Birleşen Ştatlaryňky ýaly, Eýrana garşy sanksiýalary ýok. Emma muňa garamazdan, onuň Eýranyň ýarany Siriýa garşy 2011-nji ýylda girizilen sanksiýalary bar.

Hunt Zarif bilen edilen maslahatyň konstruktiw, ýagny gurujy bolandygyny aýtdy. Eýranyň Daşary işler ministrligi iki resminiň telefon söhbetdeşligini tassyklady, emma gäminiň barjak ýeri barada kepillik berilýändigini aýtmady.

XS
SM
MD
LG