Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan howa giňişligini raýat uçuşlary üçin doly açdy


Pakistan howa giňişligini fewralda ýapypdy.
Pakistan howa giňişligini fewralda ýapypdy.

Pakistanyň awiasiýa resmileri ýurduň howa giňişliginiň raýat uçuşlary üçin doly açylandygyny mälim etdiler.

Fewral aýynda Pakistan Hindistan bilen ýüze çykan dartgynlylyklaryň fonunda öz howa giňişligini ýapypdy. Şonda düýbi Pakistanda ýerleşýän jeňçi topary Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan böleginde polisiýanyň kerwenine hüjüm edip, 40 ýarym-harby polisiýa işgärini öldüripdi.

Munuň yzy bilen, iki ýurt hem birek-bireginiň territoriýasyna howa hüjümlerini amala aşyrdylar, şeýle-de harby uçarlar dawaly Kaşmir sebitiniň howa giňişligi ugrunda gysga wagtlyk çaknyşdylar.

Dartgynlylyklar gowşanyndan soň, Pakistanyň aeroportlarynda işler bölekleýin dikeldilse-de, ýurduň howa giňişligi köp sanly halkara uçuşlary üçin petikli saklanypdy.

XS
SM
MD
LG