Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB bilen Türkmenistan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygyň üstünde işleýär


Günorta gaz koridorynyň br ugruny görkezýän karta
Günorta gaz koridorynyň br ugruny görkezýän karta

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygyň üstünde işleýär diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine salgylanyp, “Praým” neşiri habar berýär.

Neşiriň 13-nji iýulda çap eden habarynda bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekili Lýubomir Frebortyň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda çykyş edendigi bellenilýär.

“2015-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gol çekilen deklarasiýa Türkmenistandan tebigy gazy gelejekde Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygy taýýarlamagyň üstünde hyzmatdaşlyk etmäge esas bolup durýar” diýip, ÝB-niň wekili aýtdy.

Lýubomir Frebort Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň esasy söwda partnýorlarynyň biri bolup saklanyp galýandygyny, şol bir wagtda-da, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge has köp giňişligiň bardygyny hem belledi.

Ol ÝB-niň statistika maglumatlaryna salgylanyp, 2018-nji ýylda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky söwdanyň 700 million ýewro barabar bolandygyny hem aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu barada Lýubomir Frebortdan kommentariý almak üçin Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky delegasiýasynyň edarasy bilen habarlaşdy. Bu edaranyň jogapkär resmisi gaz temasy boýunça özara gepleşikleriň bolandygyny we bu barada Frebortyň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine interwýu berendigini hem-de onuň tekstiniň ýerli media serişdelerinde çap edilendigini tassyklady.

Ýatlatsak, şu aýyň başynda, has takygy 5-6-njy iýulda ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Federika Mogerini iş sapary bilen Aşgabada bardy.

Onuň bu saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Ýewropa Bileleşiginiň, Atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetini döretmek, onuň artykmaçlyklary we goraglylygy hakynda” ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada köp ýyllardan bäri çykyş edip gelýärler.

2008-nji ýylda ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Düşünişmek memorandumyna gol goýuldy.

2009-njy ýylda Ýewrokomissiýanyň hem-de Bütindünýä bankynyň hemaýatynda Hazar ösüş taslamasy türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça dürli meýilnamalary teklip etdi. Oňa laýyklykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda 2011-nji ýylda Gaz söwdasy boýunça şertnama gol çekmek göz öňünde tutulýardy.

Şu ýylyň 20-nji fewralynda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana Azerbaýjanyň üstünden Günorta gaz koridoryna goşulyp, Ýewropa gaz ibermegi teklip edýär diýip, ÝB-niň býujet we adam resurslary boýunça komissary Günter Öttingeriň eden çykyşyny “Interfaks” habar agentligi habar berdi.

Günorta gaz koridory Ýewrokomissiýanyň başlangyjy bolup, onuň üsti bilen Kaspi deňziniň hem-de Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlaryň gazyny Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Azerbaýjandan Ýewropa çekilmegi göz öňünde tutulýan Günorta gaz koridory taslamasy Günorta kawkaz, Trans Anadoly (TANAP), hem-de Trans Adriatik (TAP) gaz geçirijilerini öz içine alýar.

Türkmen gazyny Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik döretjek – Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda çekilmeli – Transhazar, ýagny Hazarüsti gaz geçirijisi barada soňky birnäçe ýyl bäri degişli taraplaryň arasynda resmi derejede gürrüň edilse-de, häzire çenli bu babatda belli bir netije gazanylman gelýär.

Beýleki tarapdan, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda hazarýaka döwletleriniň arasynda Kaspi Konwensiýasy kabul edildi. Şol ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen parlamenti bu konwensiýany makullady.

Energiýa boýunça bilermenleriň käbirleri bu konwensiýanyň kabul edilmegi bilen Hazarüsti gaz geçirijiniň ondan ozal bagly ýolunyň açylandygyny aýtsalar-da, bu taslama garşy çykyş eden döwletleriň biri bolan Orsýet bu babatda öňki pozisiýany tekrarlady.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Kaspi Konwensiýasynyň kabul edilmeginden 5 gün soň ýaýradan beýanatynda, Transhazaryň gurluşygynda daşky gurşaw boýunça mesele ýüze çykan halatynda Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bu meselä gatyşmaga hukuklydygyny nygtady.

16-njy iýulda Azatlyk Radiosy ÝB-niň wekiliniň eden çykyşy boýunça Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça lektory Luka Ançeski bilen gürrüňdeş boldy.

Ançeski türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygy görmezden gaz hyzmatdaşlygynyň başa barjakdygy ýa-da barmajakdygy barada bir zat aýtmagyň kyndygyny, ýöne onda uly bir üýtgeşme bolmasa, munuň bu babatda edilen öňki çykyşlardan tapawutlanmajakdygyny belledi.

“Ähli zat bu çarçuwaly ylalaşykda aýdylýanlara bagly bolar. Ýöne bellemeli ýeri, heniz türkmen gazyny Ýewropa haýsy ugur arkaly akdyryljagy nämälim bolup galýar. Beýleki bir tarapdan, Ýewropa kompaniýalary bu gazgeçirijini maliýeleşdirmäge taýýarmy? Sebäbi Türkmenistanda aç-açan bolmadyk inwestisiýa şertleri bar we başga-da şuňa meňzeş zatlar. Bu çarçuwaly ylalaşykda uly bir täzelik bolmasa, meniň pikirimçe, bu taraplaryň gaz hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýändigi baradaky çykyşlaryň ýene biri boljaga çalym edýär. Sebäbi ýokarda agzan faktorlarymyz nazara alanymyzda, olaryň bu gaz geçirijini nädip işe girizmegi başarjagyny bilmeýäris” diýip, Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça lektory Luka Ançeski aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG