Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “betbagtçylygyň gyrasyna barandygy” baradaky diňlenişikden soň BMG-de ösüşlerini görkezdi


Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligini DÖM-niň durmuşa geçirilişi boýunça meýletin milli syny bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligini DÖM-niň durmuşa geçirilişi boýunça meýletin milli syny bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligini DÖM-niň durmuşa geçirilişi boýunça meýletin milli syny bilen tanyşdyrdy diýip, türkmen DIM-i habar berýär.

Daşary işler ministrliginiň saýtynyň 19-njy iýuldaky maglumatyna görä, Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýulda BMG-niň baş edarasynda Ýokary derejeli syýasy forumyň barşynda milletler bileleşigine Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli synyny görkezdi.

Bu Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmagynda Nýu-Ýorkda görkezýän birinji milli syny bolup durýar.

EKOSOS-yň prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän mejlisde çykyş etmek bilen, türkmen wekiliýeti Foruma gatnaşyjylary ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, DÖM-nyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdy diýip, habarda aýdylýar.

Şol gün türkmen wekiliýeti Baş sekretaryň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Lýu Çženmin, Baş sekretaryň orunbasary, BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow hem-de Baş sekretaryň syýasy meseleler we parahatçylygyň dikeldilmegi meseleleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşyklar geçiildi.

Bu syn britan parlamentinde Merkezi Aziýanyň "üzňe ýurdy" Türkmenistanyň “betbagtçylygyň gyrasyna barandygy” barada taýýarlanan hasabatyň diňlenmeginiň yz ýanynda jemgyýetçilige hödürlendi.

XS
SM
MD
LG