Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda doglan amerikan raýaty YD üçin söweşmekde, tälim bermekde aýyplandy

Ruslan Maratowiç Asainowyň sudda çekilen suraty
Ruslan Maratowiç Asainowyň sudda çekilen suraty

Gazagystanda doglan we amerikan raýatlygyny alan erkek Nýu-Ýorkda “Yslam döwleti” ekstremist topary üçin söweşendigi, ýarag tälimçisi bolup gulluk edendigi üçin aýyplandy.

ABŞ-nyň Adalat departamenti 19-njy iýulda 42 ýaşyndaky Ruslan Maratowiç Asainowyň Siriýanyň kürt ýolbaşçylygyndaky Demokratik güýçleriniň eline düşüp, ABŞ-a güýçlerine tabşyrylmazyndan öň bäş ýyllap YD üçin söweşendigini aýtdy.

Nýu-Ýorkdaky federal suduň prokurorlary Asainowyň 2013-nji ýylda ýaşaýan ýeri bolan Brooklinden ilki Türkiýä, soň ol ýerden Siriýa gidendigini, bu ýerde 2018-nji ýyla çenli söweşendigini aýtdylar.

Siriýada ol, aýdylmagyna görä, YD hatarlarynda mergen hökmünde ýokary galdy we soňra ýaraglar boýunça tälim beriji boldy.

Şeýle-de ol ekstremist topara adam, nöker toplamak synanyşyklarynda aýyplandy.

XS
SM
MD
LG