Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barzobly 19 ýaşly gyz: men zorlandym, ýöne arzymy hiç kim diňlemeýär


Barzob obasy.

Täjigistanyň Barzob raýonyndan bolan 19 ýaşly gyz özüni obadaşynyň zorlap, hiç ýere arz etme diýip, haýbat atandygyny aýdýar.

Ýöne ol ýaş adam şikaýat edýäniň arzynyň esasly däldigini, «bar zadyň razylyk bilen bolandygyny» aýdýar.

Bu iş barada Barzob raýonynyň içeri işler bölümi material taýýarlan bolsa-da, ony derňew geçirmäge tabşyrmandyr. Sebäbi ol ýaş adamyň maşgalasy şol gyza gudaçylyga barmakçydygyny aýdypdyr. Şonuň üçin organ işgärleri bu meseläniň parahatçylykly çözülmegine garaşýarlar.

Ç. A-nyň aýtmagyna görä, ol mekdebi gutaryp, öý-hojalyk işlerine gümra bolup galypdyr. Bäş aý mundan öň, ýagny fewralda 2 ýaşly ýegenjigi bilen öýde ýeke galanynda, 23 ýaşly D. S. olara gelipdir. Ç. A. ony agasy hökmünde garşy alypdyr. “Ol ‘seniň sypatyň maňa ýaraýar’ diýip, maňa golaýlaşyp başlady. Men oňa bu seniň üçin utanç dälmi, seni doganym hökmünde görýän diýdim. Ol bolsa ‘maňa näme utanç bolsun’ diýdi. Men gorkdum, oňa gaýtargy bermäge güýjüm ýetmedi. Bu işden soň ol maňa haýbat atyp, birine aýdaýsam, erbet boljakdygyny duýdurdy” diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Hossarlary ýagdaýy Ç. A. doktoryň barlagyndan geçensoň bilipdirler. Wraçlar gyzyň göwrelidigini aýdypdyr.

"Ikisiniň razylygy bilen"

Azatlyk Radiosy bilen telefon gepleşiginde, ol ýigit gyzyň aýyplamasyny ret edip, oňa “töhmet” diýýär. “Men ony zorlamadym. Eger zorlan bolsam, näme üçin şunça wagt geçensoň arz edýär? Bar iş iki tarapyň razylygy bilen boldy. Men size bar zady aýtmaga borçly däl. Bolan zady bölümine (Barzob raýonynyň içeri işler bölümi – Red.) jikme-jik aýtdym” diýdi.

Gyzyň ejesi bolsa Azatlyk Radiosyna olar bolan ýagdaýy bilenlerinde, agyr ýagdaýa düşendiklerini gürrüň berdi. Ýöne ýigidiň tarapy bizden sesimizi çykarmazlygyň öwezine gudaçylyga geljekdiklerini hem toý tutjaklaryny aýtdylar. Soňra bolsa muny bökdediler. “Meniň gyzymyň takdyry uçudyň gyrasynda, ýöne hiç kim hiç birini jogapkärçilige çekjek bolanok” diýip, ene aýdýar.

Barzob raýonynyň milisiýa bölümi bu işiň kontrol astynda saklanýandygyny aýdyp, ýaşlaryň öýlenişmeginiň mümkindigini öňe sürýärler. “Iş boýunça materiallar bar, olaryň ikisi-de kämillik ýaşyna ýetenler, taraplar ylalaşyga geldiler, soňky söz olaryň hossarlaryndan” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözüne görä, wakany olara wraçlar habarly beripdir. Keselhanadan ‘bize bir ýaş göwreli bolan gyz geldi’ diýdiler. Biz ýagdaý bilen tanşyp, materiallary taýýarladyk” diýip, ol aýdýar.

Beýleki takyk maglumatlar barada bir zat aýtmakdan saklanan ol çeşme diňe Ç. A-nyň Içeri işler bölüminiň gözegçiliginde bolýandygyny mälim etdi. Beýleki döwlet guramalary – Parlamentiň maşgala işleri baradaky komiteti hem-de Aýallaryň we maşgalanyň işleri baradaky Komitet gyzyň arz eden ýagdaýynda, ol işe seretmäge başlajakdyklaryny aýtdylar.

"Meseläni parahatçylykly çözmeli"

Gyzyň hossarlary sawçylar gelerine garaşman, Barzob milisiýa bölümine ýüz tutupdyrlar, şeýdip kanun goraýjylaryň zor salmagy bilen ol ýigit jebir çeken gyza öýlener diýipdirler. Kanun goraýjylar bolsa ol maşgalalara meseläni parahatçylykly çözmegi maslahat beripdir.

Ýöne sosiologlaryň pikirine görä, şeýle tötänlik Täjigistanda seýrek däl, ahyrynda jebir çeken özüni zorlana durmuşa çykmaly bolýar. Şeýle etmek bilen ýaş adam jenaýat jogapkärçiliginden gaçýar. Täjigistanyň jenaýat kanunynda aýal zorlana agyr jeza berýär.

Ýuristler şeýle ýagdaý ýüze çyksa, haýal etmezden kanun goraýjy organlara ýüz tutmagy maslahat berýär. Ýöne jepa çeken masgaraçylyga galmak gorkusyndan, milisiýa ýüz tutup bilmeýär. Soňra bolsa jenaýat işiniň bolandygyny subut etmek çylşyrymlaşýar.

"Dowzahy durmuşa taýýarlyk"

«Gamhori» jemgyýetçilik guramasynyň ýuristi Madina Nizamowa Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde, Ç. A-nyň düşen ýagdaýy ýaly waka ýüze çykanda, jebir çeken gyzyň maşgalasy ‘içerki gürrüňi daşara çykarmazlyk’ üçin, gyzy şol zorluk edene äre bermekçi bolýandyklaryny aýtdy. “Ýöne meniň göwnüme bolmasa, ol gyz parahat maşgala durmuşyna bil baglap bilmez. Men muny öz tejribämden aýdýan, biz şeýle ýagdaý bilen köp gezek ýüzbe-ýüz bolduk. Zorluk eden diňe jeza çekmekden gaçyp, oňa öýlenýär; soňra olar ýa aýrylyşýarlar, ýa-da gyz bütin ömrüne adamsynyň teýeneli gyjalatyny hem haýbat atmasyny çekmeli bolýar” diýip, ýurist aýdýar.

Madina Nizamowanyň pikirine görä, Ç. A. häzir kanun goraýjy guramalara arz etse giç däl, olaryň guramasy gyza ýuridiki ýardam bermäge taýýar. BMG aýal zorlama faktlarynyň ýaşyrylmagyny we zorluga duçar bolan gyzyň zorlaýana durmuşa çykmagyny ýazgarýar, sebäbi beýle ýagdaýda aýal özi üçin dowzah durmuşy taýýarlaýar. Hukuk goraýjylar şeýle jenaýatyň jezalandyrylmagy geljekde ýüze çykaýjak faktlaryň öňüni alýar we munuň özi başgalara sapak bolar diýýär.

Azatlyk Radiosy ahlak garaýyşlaryndan ugur alyp, ýaş adamlaryň atlaryny we olaryň ýaşaýan ýerini aýtmakdan saklandy.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG