Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Kabula we Katara sapar edýär


Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad özüniň soňky parahatçylyk missiýasyna başlamak üçin Kabula barýar. Bu sapar soňky hepdelerde Owganystanda urşuň güýçlenen mahalynda amala aşýar.

1-nji awgusta çenli dowam etjek saparyň çäginde Halilzad Katara hem barar. Bu sapar Owganystanda konfliktiň soňuna ýetjek parahatçylyk prosesi ýeňilleşdirmek üçin umumy tagallalaryň bir bölegidir” diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti mälim etdi.

Kabulda Halilzad “parahatçylyk prosesiniň nobatdaky ädimlerini” maslahat etmek üçin owgan hökümeti bilen konsultasiýalary geçirer. Bu maslahatlar “owganara gepleşiklere gatnaşjak milli araçy toparyny kesgitlemegi” hem öz içine alar.

Kataryň paýtagty Dohada ABŞ-nyň diplomaty “Talyban” bilen gepleşikleriň täze tapgyryny geçirer.

XS
SM
MD
LG