Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Eýranyň içaly halkasy baradaky öňe sürmelerine ikuçly garaýar


Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

Eýranyň aýdýan islendik zadyny “şübhe bilen” kabul etmeli diýip, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary 22-nji iýulda telewideniýede görkezilen interwýusynda aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň "WFTV 9" atly ýerli stansiýasy Maýk Pompeodan CIA-iň, ýagny ABŞ-nyň Merkezi derňew agentliginiň içaly halkasy bilen ilteşikli tussag etmeler barada Tähranyň öňe sürmelerine jogap bermegi soranda, ol “hemme kim örän müňkür bolmaly” diýdi.

“Olar [Eýran] köp ýyllaryň dowamynda köp zat barada ýalan sözledi” diýip, Pompeo sözüniň üstüne goşdy.

Eýran 18-nji iýulda Birleşen Ştatlaryň bähbidine içalyçylyk etmekde güman edilip, 17 sany şübheliniň tussag edilendigini we olaryň käbiriniň ölüm jezasyna höküm edilendigini aýtdy.

“Bu içalylar hususy pudagyň ykdysadyýet, ýadro, infrastruktura, harby we kiber ýaly täsirli we örän möhüm merkezlerinde işleýärdiler... Olar bu ýerde gizlin maglumatlary ýygnaýardylar” diýlip, Eýranyň Aňtaw ministrliginiň beýanatynda aýdyldy.

Tähranyň bu öňe sürmelerini Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp hem ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG