Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý 30 günlük tussag edildi


Alekseý Nawalnyý

Orsýetiň sudy dynç günlerinde geçiriljek rugsat berilmedik protestleriň öňüsyrasynda ýurtda oppozisiýa liderlerine görkezilýän gysyşlaryň dowamynda Alekseý Nawalnyny 30 günlük tussag etmek hakynda höküm çykardy.

Nawalnynyň 24-nji iýulda tussag edilmegi Moskwanyň şäher geňeşine agza bolmaga dalaş edýän Dmitriý Gudkowyň, Iwan Ždanowyň we Aleksandr Solowýowyň öýleriniň polisiýa tarapyndan barlanmagyna gabat geldi.

"10 golaý polisiýa ofiseri biziň öýlerimizi barlamaga geldi. Men oglum bilen Bolgariýada, olar Dima [Dmitry Gudkow] maňa jeň etmegine rugsat bermediler. Polisiýa 27-ne geçiriljek aksiýa boýunça maglumat gözleýärler" diýip, Guwkowyň aýaly Waleriýa Twitterde ýazdy.

Moskwanyň şäher geňeşine oppozision dalaşgärleriň ýene ikisi Ýulia Galyamina we Lýubow Sobol 24-nji iýulda gijäniň ýarynda özleriniň Orsýetiň derňew komitetine alnyp barylandygyny we günüň ertesi saýlaw komissiýasynyň işine päsgel bermek meselesi barada soraga çekilendigini mälim etdiler.

Gennadiý Gudkow hem 25-nji iýulda sorag edilmek üçin gije Orsýetiň derňew komitetine alnyp barylypdyr. Ol sorag edişligiň näme barada boljagy barada özüniň habarsyzdygyny aýtdy.

Oppozisiýa liderleri Moskwanyň saýlaw komissiýasynyň garaşsyz dalaşgärleri hasaba almakdan ýüz öwürmegine garşy çykyş etmek üçin 27-nji iýulda ýöriş geçirmäge çagyrypdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG