Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana resmi toparyny we ynsanperwer kömegini ugratdy


Imamnazar-Akina demir ýolunyň açylyş dabarasy, 28-nji noýabr, 2016
Imamnazar-Akina demir ýolunyň açylyş dabarasy, 28-nji noýabr, 2016

Türkmenistanyň resmi topary 25-nji iýulda Owganystanyň demirgazygyna sapar eder.

Resmi maglumatlara görä, Owganystanyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabyna ugradylýan türkmen delegasiýasy Akina stansiýasynda 10 kilometrlik demir ýoluň açylyş dabarasyna we Akina-Andhoý demirýoluň gurluşygynyň başlanmagy çäresine gatnaşar.

Türkmenistanyň we Owganystanyň resmileri Akina-Andhoý demirýol proýektini giňeltmek barada ylalaşyga 16-njy iýunda Hyratda gol çekipdi.

Şeýle-de, türkmen metbugatyna görä, 24-nji iýulda Aşgabatdan Owganystana ynsanperwer kömeginiň nobatdaky tapgyryny alyp barýan ýörite awtokerwen ugrapdyr.

Bu ýükleriň Owganystana sosial-ykdysady kömegini bermek maksady bilen ugradylýandygyny, owgan halkyna muzdsuz kömegi hökmünde derman we medisina serişdeleriniň, dokma önümleriniň we çaga geýimleriniň, okuw kitaplarynyň we esbaplarynyň, süýji önümleriniň berilýändigini TDH döwlet agentligini habar berdi.

XS
SM
MD
LG