Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew Moskwada Putin bilen gepleşik geçirdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirdi. Atambaýew öz ýurdunda 2011-2017-nji ýyllarda döwlet başynda bolan döwründe wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.

25-nji iýulda Kremliň websaýtynda çap edilen wideoda Wladimir Putin özüniň Atambaýew bilen bir gün öň duşuşandygyny we öňki sowet ýurdundaky hem-de tutuş Merkezi Aziýa regionyndaky ýagdaýlary maslahat edendigini mälim etdi.

“Gyrgyzystan eýýäm çynlakaý içerki syýasy sarsgyny bilen ýüzbe-ýüz boldy, has takygy, azyndan ikisi bilen, we meniň pikirimçe, bu sanda togtamak gerek” diýip, Putin Gyrgyzystanda 2005-nji we 2010-njy ýyllarda prezidentleri agdaran we 100 çemesi adamyň ölümine sebäp bolan hökümete garşy zorlukly protestleri agzady.

“Ýurda syýasy durnuklylyk gerek we [gyrgyz] halkynyň ählisi wezipe başyndaky prezidentiň daşynda jebisleşip, ýurdy ösdürmäge ýardam bermeli. Biziň Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyk etmek barada köp planlarymyz bar we biz, gürrüňsiz, şol planlaryň ählisini häzirki häkimiýetler bilen durmuşa geçirmegi meýilleşdirýäris” diýip, Putin aýtdy.

Putiniň bu çykyşy Atambaýewiň we onuň ornuna geçen Sooronbaý Jeenbekowyň arasynda garşylygyň dowam edýän döwrüne gabat geldi. Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow Şweýsariýa eden resmi saparyndan yzyna dolanýan mahalynda, 11-nji iýulda Moskwada Putin bilen duşuşypdy.

Gyrgyzystanyň konstitusiýasy tarapyndan diňe bir gezeklik alty ýyl prezidentlik möhleti bilen çäklendirilen Atambaýew 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen prezident saýlawlarynda Jeenbekowy, ýagny öňki premýer-ministrini özüniň saýlanan dalaşgäri hökmünde köpçülige hödürläpdi.

Emma şondan soň Atambaýew we Jeenbekow köpçülikde dawalaşyp, biri-birini bir ýyldan gowrak wagt tankyt etdi. Atambaýewiň ýaranlarynyň birnäçesi korrupsiýa aýyplamalarynda tussag edildi we onuň özi hem prezident bolan döwründe wezipesinden jenaýatçylykly peýdalanmak bilen bagly bäş aýyplamada, şol sanda korrupsiýada, wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmakda, bikanun baýlyk toplamakda aýyplanýar.

Atambaýew bu aýyplamalaryň ählisiniň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret etdi. Iýul aýynda ol takyklaşdyrylmadyk jenaýat derňewi bilen ilteşikli Içeri işler ministrliginiň üç sany çakylygyny ret etdi.

Gyrgyzystanyň kanunçylygyna laýyklykda, çakylygy iki gezek berjaý etmedik adam zorluk bilen tussag edilip, soraga çekilip bilner. Ýöne häzire çenli Bişkegiň häkimiýetleri öňki prezidente garşy şeýle çäre görmäge synanyşmadylar.

Atambaýewiň aklawçysy Sergeý Slesarýew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Atambaýewiň el degrilmesizlik hakyny aýyrmak boýunça 27-nji iýunda parlamentde geçirilen ses berişligiň bikanun bolandygyny öňe sürdi.

Slesarýewe görä, prezidentiň el degrilmesizlik hakyny ýatyrmak barada maý aýynda kabul edilen kanun üýtgetmeler ýurduň konstitusiýasyna çapraz gelýär.

Gyrgyz kanunçykaryjylary sesleriň aglabasy bilen Atambaýewiň el degrilmesizlik hakyny ýatyryp, onuň derňelmegine ýol açypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG