Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internetde ýaýran wideodan soň, gazak türmesiniň bäş ofiseri tussag edildi


Gazak türmesi

Gazagystanyň günortasyndaky temmi beriş tussaghanasynda bendileriň ýowuz gynamalara sezewar edilýändigini görkezýän wideo Internetde peýda bolanyndan soňra, bu merkeziň başlygynyň orunbasary we dört sany sakçysy tussag edildi.

Gazak içeri işler ministri Erlan Turgymbaýewiň 30-njy iýulda žurnalistlere beren maglumatyna görä, Almatynyň golaýyndaky Zareçny şäherçesinde ýerleşýän LA155/8 belgili düzediş koloniýasynda bolan waka sebäpli başga-da ýedi adam, şol sanda tussaghananyň ýolbaşçysynyň ýene iki orunbasary wezipesinden boşadyldy.

“Düýn bu koloniýanyň bäş ofiseri tussag edildi we olara garşy iki derňew işi başladyldy. Bu derňewleriň biri Içeri howpsuzlyk departamenti, beýlekisi Ýörite prokuratura edarasy tarapyndan başladyldy. Tussag edilenleriň biri tussaghananyň ýolbaşçysynyň orunbasarydyr” diýip, Turgymbaýew aýtdy.

Turgymbaýew tussag edilen türme sakçylarynyň nähili aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny mälim etmedi.

Soňky günlerde Internetde ýaýran we gizlin kamera arkaly düşürilen ýaly bolup görünýän wideoda bendileriň türme sakçylary tarapyndan gynalara we urup-ýençmelere sezewar edilýändigi barada grafiki pursatlar görkezilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG