Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gandagarda owgan esgeri ABŞ-nyň iki harby gullukçysyny öldürdi


Owganystanda ABŞ-nyň 14 müňe golaý harby gullukçysy bolup, olar Owgan hökümetiniň “Talyban” we beýleki jeňçilere garşy alyp barýan göreşiniň çäginde harby tälim we hemaýat berýärler.

Owganystanyň günortasyndaky Gandagar welaýatynda bir owgan esgeri ABŞ-nyň iki sany harby gullukçysyny atyp öldürdi.

Owgan harby resmileriniň 30-njy iýulda beren maglumatyna görä, mundan bir gün öň Owganystanyň milli goşunynyň esgeri Şah Wali Kot etrabyndaky harby bazanyň içinde harby gullukçylara garşy ot açyp başlapdyr.

ABŞ esgerlerine garşy ýaragdan ot açan esger häzir tussaglykda saklanýar.

ABŞ-nyň Goranmak departamenti Owganystanyň günortasynda 20 ýaşly we 24 ýaşly harby gullukçylarynyň aradan çykandygy barada maglumat berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda ABŞ-nyň azyndan 11 esgeri öldürildi.

Owganystanda ABŞ-nyň 14 müňe golaý harby gullukçysy bolup, olar Owgan hökümetiniň “Talyban” we beýleki jeňçilere garşy alyp barýan göreşiniň çäginde harby tälim we hemaýat berýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG