Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky ýokary derejeli gyrgyz resmisi 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Azimkan Jusubaliýew.

Gyrgyzystanda transport boýunça ministriň ozalky orunbasary Azimkan Jusubaliýew köçe gurluşygy bilen baglylykda ýüze çykan korrupsiýa dawasy bilen baglylykda 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Birinji Maý etrabynyň sudy Jusubaliýewi günäli tapdy we 30-njy iýulda giçlik degişli hökümi çykardy.

Jusubaliýewiň aklawçylary suduň kararyna şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.

Ozalky hökümet resmisi geçen ýylyň dekabrynda tussag edilipdi. Şonda ol magistral ýolunyň gurluşygynyň tenderini almakçy bolan gurluşyk kompaniýasyndan $520 müň möçberinde para almakda ele salyndy.

Para bermek-almak çäresini gurnan Bolot Toktobaýew alty ýyl türmä höküm edildi. Düýbi Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän Italiýan kompaniýasynyň wekili Belkhruz Gulruzow para hödürlemekde günäli tapyldy we 2 million som, ýagny $25 müň 700 möçberinde pul jerimesini tölemeli edildi.

Jusubaliýewiň dekabrda tussag edilmeginden soň ýurduň Transport ministrligi berk tankytlandy. Munuň netijesinde, prezident Sooronbaý Jeenbekow transport ministri Jamşitmek Kalilowy wezipesinden çetleşdirdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG