Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda awtobusyň köçe ýaka bomba uçramagy netijesinde onlarça adam öldi


Partlamada ýaralanan adam keselhana äkidilýär. 31-nji iýul, 2019 ý.

Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynda bir ýolagçy awtobusyň köçe ýaka bomba uçramagy netijesinde parahat ilatyň hataryndan azyndan 35 adam öldi, başga-da 27-si ýaralandy.

Ýerli polisiýa wekilleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hadysa 31-nji iýul güni irden, awtobusyň Gandagar-Herat magistral ýolundan barýan pursady ýüze çykypdyr.

Hiç bir topar häzirlikçe jogapkärçiligi öz üstüne almady.

Owgan resmileri muňa “Talyban” jeňçileriniň jogapkärdigini aýdýarlar.

Jeňçi toparynyň metbugat wekili bulary ret edýär.

Maglumata görä, ölenleriň we ýaralananlaryň aglabasy aýallar we çagalar bolupdyr.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG