Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň daşary işler ministrine garşy sanksiýa girizdi


ABŞ-nyň gazna sekretary Stiwen Mnuçin (Steven Mnuchin)
ABŞ-nyň gazna sekretary Stiwen Mnuçin (Steven Mnuchin)

Birleşen Ştatlar 31-nji iýulda Eýranyň daşary işler ministri Mohammed Jawad Zarifiň Birleşen Ştatlardaky ýa ABŞ guramalarynyň gözegçiligindäki islendik emlägini doňdurmak bilen, oňa garşy çäklendiriji çäreleri gördi diýi, ABŞ-nyň Döwlet departamenti yglan etdi.

Eýranyň ýadro programmasyna garşy çäklendirmeler hem uzaldyldy diýip, döwlet sekretarynyň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

"Zarif Eýranyň ýokary lideriniň oýlanyşyksyz iş planlaryny durmuşa geçirýär we režimiň dünýä ýüzündäki esasy sözçüsi bolup durýar. Birleşen Ştatlar Eýrana onuň soňky boluşlarynyň düýpden kabul ederlik däldigi hakynda açyk habar iberýär” diýip, gazna sekretary Stiwen Mnuçiniň beýanatynda aýdyldy.

Zarif Eýranyň Birleşen Ştatlar we beýleki ýurtlar bilen öz ýadro programmasy üstünde dörän dartgynlyklary gowşatmak synanyşygyndaky esasy adam boldy, Waşington bu programmanyň arkasynda gizlinlikde ýadro ýaragyny öndürmek niýetiniň bardygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG