Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hollandiýada adamyň ýüzüni doly örtýän zatlara garşy gadaganlyk güýje girdi


1-nji awgustdan başlap, adamyň ýüzüni doly ýapýan zatlar geýlip bilinmez. 

Niderlandiýada jemgyýetçilik ýerlerinde, jemgyýetçilik edaralarynda we transportda adamyň ýüzüni örtýän eşikleri geýmegi, şol sanda yslam lybaslaryny we çadyralaryny geýmegi gadagan edýän kanun güýjüne girdi.

1-nji awgustdan başlap, adamyň ýüzüni doly ýapýan zatlar, kaskalar, baş gaplary mekdeplerde, hökümet edaralarynda, awtobuslarda we otlularda geýlip bilinmez.

Bir ýyl ozal parlamentde kabul edilen kanun jemgyýetçilik ýerlerindäki howpsuzlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär, emma tankytçylar onuňkäbir musulman aýallarynyň geýýän nikaplaryndan we burkalaryndan dynmagy maksat edinýändigini aýdýarlar.

Niderlandiýada 100-den 400-e çenli aýal şeýle eşikleri yzygiderli ýagdaýda geýýär diýip bilinýär.

Awstriýa, Belgiýa, Fransiýa we beýleki ýewropa ýurtlary hem soňky ýyllarda jemgyýetçilik ýerlerinde adamyň ýüzüni doly örtýän eşikleriň geýilmegine çäklendirme girizdi.

Niderlandiýanyň howpsuzlyk resmileri indi ýüzleri örtülen aýallardan ýüzlerini görkezmegi talap edip bilýär. Eger olar bu talaby ýerine ýetirmese, jemgyýetçilik binasyna goýberilmän, azyndan 150 ýewro jerime tölemeli edilip bilner.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG