Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Henki: Türkmen hökümeti “kompetentsiz"


Aşgabadyň il arasynda "gul bazar" atlandyrylýan ýerinde adamlar iş gözleýär. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň il arasynda "gul bazar" atlandyrylýan ýerinde adamlar iş gözleýär. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda daşary ýurt ykdysatçylary türkmen hökümetiniň iş başarjaňlygyny sorag astyna alýar.

2-nji awgusta sosial mediada eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Jons Hopkins uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory Stiw Henki türkmen hökükmetini “kompetentsiz” atlandyrdy.

Professor Henki Twitter ulgamynda paýlaşan maglumatynda bu barada şeýle diýdi:

“Türkmen hökümetini düşündirýän ýeke söz – kompetentsiz. Bütindünýä banky ygtybarly ykdysady maglumatlary wagtynda üpjün etmekde Türkmenistan başarnyksyz diýýär. Hasabat bermeklik, korrupsiýa gözegçiligi we kanunyň hökmürowanlygy nukdaýnazaryndan baha berlende onuň döwlet dolandyryşy dünýäniň 90 % ýurdundakydan has ýaman” diýip, Henki aýtdy.

Ol mundan ozal hem türkmen ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýy, türkmen manadynyň hümmetsizligi, türkmen inflýasiýasy ýaly meseleleri gozgap jemgyýetçilikde çykyş edipdi.

Henkiniň ylmy barlaglarynda onuň dünýädäki giperinflýasiýalar boýunça alyp baran işleri agdyklyk edýär.

Ol geçen ýylyň iýun aýynda Azatlyk Radiosynda eden çykyşynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine “giperinflýasiýanyň bosagasynda” diýip, baha beripdi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda manadyň dollar garşysynda hümmeti ep-esli pese gaçyp 1 dollaryň gara bazardaky bahasy ýurduň dürli künjeklerinde 28-29 manada çenli baryp ýetipdi. Şonda professor Henki Türkmenistandaky inflýasiýany hasaplap, onuň 294 %-e baryp ýetendigini aýtdy.

Geçen iýun aýyndan soň geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasy arzanlady. Häzirki günlerde onuň bahasy 17-18 manat aralygynda “gidip gelýär”. Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi kursuny 3.5 manatlygynda saklaýar.

Professor Henki soňky media çykyşynda türkmen hökümetini “kompetentsiz” atlandyrdy. Ol bu sözüni Bütindünýä bankyna salgylanyp delillendirdi hem-de onuň ykdysadyýete degişli sanlary Türkmenistandan wagtynda alyp bilmeýändigini aýtdy.

Bütindünýä banky we Halkara walýuta fondy ýaly halkara maliýe guramalary Türkmenistan boýunça ýaýradýan hasabatlarynda türkmen hökümetiniň özlerini üpjün edýän sanlaryny ulanýandygyny aýdýarlar.

Türkmen syýasatyny yzarlaýan synçylar hökümetiň hödürleýän ykdysady görkezijilerine soragly garaýarlar, olaryň ýurtdaky hakyky ýagdaýy açyp görkezmeýändigini aýdýarlar.

Aziýanyň ösüş banky 2019-njy ýyl üçin apreliň başynda çap eden hasabatynyň Türkmenistana degişli bölüminde bu ýyl ýurtda inflýasiýanyň derejesiniň 9 % boljakdygyny aýtdy. Hasabatdan mälim bolşuna görä, Ösüş banky bu görkezijini resmi sanlara salgylanyp mälim etdi.

Türkmenistanda soňky üç ýyla golaý wagtyň dowamynda ykdysady kynçylyklar ýüze çykyp geldi. Bu ýagdaý halkyň gündelik durmuşynda döwlet dükanlarynda esasy azyk önümleriniň ýetmezçiligi ýaly problemalaryň ýüze çykmagy bilen öz beýanyny tapdy.

Halkara fondunyň işçi toparlary Türkmenistana edýän saparlaryndan soň ýaýradýan beýanatlarynda ýurtda ykdysady reformalary çaltlandyrmakda, walýutanyň nyrhyny kesgitlemekde öňe gidişlikleri gazanmagy maslahat berýärler. Halkara walýuta fondunyň bilermenleri soňky gezek marty aýagynda sapar etdiler.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ondan ozal ilata hödürlän ýeňillikli tok, gaz we suw üpjünçiligine degişli mugtçulygy ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG