Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: Türkmenistanda walýutanyň “gara bazardaky” aşa ýokary nyrhy inflýasiýa täsir edýär


Türkmen manady

“Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary galan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar. Indi ol giperinflýasiýanyň bosagasynda. Bu günki günde Türkmenistanyň ýyllyk inflýasiýasynyň derejesi 294 % baryp ýetdi” diýip, Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Jon Hopkins uniwersitetiniň professory Stiw Henki (Steve Hanke) 1-nji iýunda özüniň taýýarlan maglumatyny sosial mediada çap etdi.

Azatlyk Radiosy Stiw Henki bilen söhbetdeş bolup, onuň türkmen ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýy baradaky pikir-garaýyşlary we onuň haýsy metodologiýany ulanmak arkaly ýurduň ykdysadyýetiniň inflýasiýa görkezijilerini hasaplandygy bilen gyzyklandy.

Söhbetdeşligiň dowamynda professor Merkezi Aziýadaky wakalary yzarlaýan-da bolsa, özüniň ylmy taýdan esasy ugrunyň dünýädäki giperinflýasiýalardygyny aýratyn nygtady.

“Men esasan dünýädäki giperinflýasiýalary öwrenýärin. Meselem, Zimbabwedäki giperinflýasiýany, ýa-da Wenezuellanyň ykdysadyýetinde bolup geçýän hadysalary öwrenýärin. Ynha, şular bilen gyzyklanýanym üçin Türkmenistandaky ýagdaýlar meniň radaryma düşdi” diýip, ol aýtdy.

Stiw Henki 1-nji iýunda Türkmenistanyň ýyllyk inflýasiýasynyň derejesiniň 294 göterime deňdigini aýdan bolsa, ol gürrüňdeşligiň geçirilen güni, ýagny 7-nji iýunda bu görkeziniň 357 göterime ýetendigini aýtdy.

Türkmenistanyň ýaýradýan sanlarynyň ygtybarlylyk nukdaýnazaryndan bilermenleriň ikirjiňlenmelerine ýol açýandygyny nazarda tutup, Azatlyk Radiosy professordan onuň bu sanlary nämäniň esasynda taýýarlandygyny, ulanan metodologiýasyny sorady.

“Men bu görkezijileri ýokary ýygylykda gaýtalanýan sanlary, ýagny gündelik sanlary yzarlamak arkaly hasaplaýaryn. [Ykdysadyýet ylmyndaky] Satyn alyş ukyby boýunça teoriýany ulanmak arkaly, daşary ýurt walýutasynyň bahasyndaky üýtgeşmeleri ulanyp, ýurtdaky inflýasiýanyň derejesini hasaplamak mümkin. Sebäbi “gara bazaryň” nyrhy ýurtdaky hakyky ýagdaýy açyp görkezýär. “Gara bazaryň” görkezijileri örän aç-açandyr” diýip, professor aýtdy.

Stiw Henki dünýäde şu wagta çenli ýüze çykan ähli giperinflýasiýalary ýakyndan öwrenendigini nygtady.

Eýsem, Türkmenistandaky häzirki ýagdaýyň giperinflýasiýa ýakyndygy ýa-da däldigi bilen bagly berlen soraga professor, ýurdyň ykdysadyýetiniň häzirki wagtda giperinflýasiýanyň bosagasyndadygyny, ýöne heniz ýagdaýyň çürt-kesik aşa derejä baryp ýetmändigini aýtdy.

“Giperinflýasiýanyň kesgitlemesine görä, harytlaryň bahasy aýda 50 göterim gymmatlaýan bolmaly. Biz geçen aýyň dowamynda bir güni saýlap aldyk, onuň dowamynda bahalar 50 göterimden has köp, hatda segsen göterim gymmatlady. Şular ýaly ýagdaýy yzly-yzyna 30 günläp gaýtalansa, şonda giperinflýasiýa bolýar. Ýöne Türkmenistanda heniz giperinflýasiýa derejesine baryp ýetmedi” diýip, ol belledi.

Ýurtda dollaryň resmi bahasynyň 3.5 manatdygyny ýatladyp, gürrüňdeşlige dowam edilende professor şeýle diýdi:

“Öňi-soňy resmi kursy götermeli bolarlar. Haçan-da resmi kurs bilen “gara bazaryň’ bahasynyň arasynda aşa ýokary tapawut bolan halatynda, resmi kurs dewalwasiýa edilýär. Ýöne barybir walýuta berk gözegçilik saklanar. Elbetde, olar resmi kursy 3.5 manatdan 29 manada çykarmazlar. Türkmenistanyň Orsýete we Eýrana satýan gazynyň kesilmegi bilen, ykdysadyýet haýallady. Hökümetiň çäkli mukdarda walýuta mümkinçiligi bar, munuň bilen bagly olar “manat krizisini” başdan geçirýärler. Gara bazar bilen resmi kursuň arasynda juda uly tapawut bar. Şu zatlaryň hemmesi inflýasiýa täsir edip, belanyň üstünden eltýär” diýip, professor belledi.

Onuň sözlerine görä Türkmenistan ýyllyk inflýasiýanyň derejesi boýunça Wenezuelladan soň dünýäde ikinji ýerde durýar. Ýöne Henki iki ýurtdaky ýagdaýlaryň biri-birinden tapawutlydygyny gürrüň berdi. Ol mundan ozal bolup geçen giperinflýasiýalara, hususan-da 2008-nji ýylyň noýabr aýynda Zimbabwede bolup geçen aşa ýokary inflýasiýa barada; onda 24 sagadyň dowamynda bahalaryň iki esse gymmatlandygy, munuň täsiriniň güýçli bolandygy hakda gürrüň berdi.

Ol gürrüňdeşlikde Türkmenistan hökümetiniň gapjygynda daşary ýurt walýutasynyň mukdarynyň çäkli bolmagynyň ahmaldygyny çaklap, munuň netijesinde häkimiýetleriň resmi walýuta söwdasyny has-da berk gözegçilikde saklamagynyň mümkindigini aýtdy.

Stiw Henki Türkmenistanda dowam edýän “walýuta krizisiniň” esasy sebäpleriniň käbirleri barada öz garaýyşlaryny aýdyp, ýaramaz döwlet dolandyrylyşynyň muňa getiren bolmagynyň mümkindigini belledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG