Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň bankomatlarynyň öňünde uly nobatlar döredi

please wait

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

“Türkmen.news” neşiri Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi we olaryň öňündäki uly nobatlar barada wideo çap etdi. Gijäň ýarynda düşürilen we 3-nji awgustda neşiriň “Instagram” sahypasynda çap edilen bu wideoda nobata duran ýaly bolup görünýän onlarça adamyň dürli sözler bilen öz nägileligini beýan edýändigini eşitse bolýar. Şu aýyň başyndan bäri, hususan-da, 10 günden gowrak wagt bäri Mary şäheriniň we welaýatyň tas ähli etraplarynyň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi ýiti duýulýar.

XS
SM
MD
LG