Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň ýarag ammaryndaky partlamalar togtadyldy, 12 adam ýaralandy


Russiýanyň Krasnoýarsk regionynyň harby bazalarynyň birinde partlama ýüze çykdy.
Russiýanyň Krasnoýarsk regionynyň harby bazalarynyň birinde partlama ýüze çykdy.

Russiýanyň Krasnoýarsk regionynyň ýerli häkimiýetleri 6-njy awgustda ýarag ammarlaryň birindäki partlamalaryň togtadylandygyny aýdýarlar diýip, TASS harbarlar gullugy maglumat berýär.

“Mundan iki sagat öň, partlamalaryň seslerini eşitse bolýardy. Indi bolsa, ýok. Partlamalar togtadyldy” diýip, ýerli administrasiýa maglumat berdi.

5-nji awgustda Russiýanyň Sibir sebitindäki harby bazalaryň birinde partlamalaryň tolkuny ýüze çykdy. Hadysanyň netijesinde 12 adam keselhana ýerleşdirildi, şeýle-de 20 kilometr radiusdaky ýaşaýjylar köpçülikleýin ýagdaýda ewakuasiýa edildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýangyn bilen göreşmäge hemaýat bermek üçin uzakdan dolandyrylýan 14 robotyň ugradylandygyny mälim etdi.

Krasnoýarsk regionynyň Açinsk etrabyndan 11 müňe golaý adam ewakuasiýa edildi diýip, ýerli resmiler aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG