Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani sanskiýalar aýrylsa, Eýranyň ABŞ bilen gepleşikleri isleýändigini aýtdy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, eger-de sanksiýalar ortadan aýrylsa, onda Tähranyň Waşington bilen gepleşikleriň tarapynda çykyş edýändigini mälim etdi.

2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygy Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini beripdi.

Emma ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň maýynda bu ylalaşygyň Tähranyň ballistik raketalaryny jylawlamaýandygyny, Ýakyn Gündogardaky proksilerini goldamazlygy öz içine almaýandygyny aýdyp, ABŞ-nyň ylalaşykdan çykýandygyny yglan edipdi. Tähran bu aýyplamalary ret etdi.

Mundan soň, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has hem ýitileşip başlady.

Rohani telewideniýede eden çykyşynda “Eýran bilen parahatçylyk - ähli parahatçylyklaryň enesi bolar”, şeýle-de “Eýran bilen uruş - ähli uruşlaryň enesi bolar” diýip, belledi.

“Eýran Yslam Respublikasy gepleşikleriň tarapynda çykyş edýär. Eger-de, ABŞ muny dogurdan hem isleýän bolsa, onda ilki bilen ähli sanksiýalar ortadan aýrylmaly” diýip, Rohani sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG