Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisiniň çekilmegine, gatnaşyklary gowulaşdyrmak pursatynyň ýitirilmegine gynanç bildirýär


ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi Jon Hantsman

Orsýet ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi Jon Hantsman Kiçiniň işlän wagtynda Waşington bilen gatnaşyklaryň gowulaşdyrylmak mümkinçiliginiň elden giderilendigine gynanç bildirdi, ol bu wezipede bary-ýogy iki ýyl işläninden soň, dogduk ştaty Utada syýasy edara üçin bäsleşige çykjakdygy barada ýaýran gürrüňleriň arasynda işden çekildi.

Hantsman 5-nji awgust prezident Donald Trampa wezipesinden çekilmek we Birleşen Ştatlara dolanyp barmak barada arzasyny iberdi. Onuň ilçi bolan iki ýyly ABŞ-nyň Orsýete garşy sanksiýalary we iki ýurduň arasynda diplomatlaryň ýurtdan çykarylmagyna alyp gelen dawalar bilen utgaşdy.

"Hantsman professional. Gynansak-da, ABŞ-daky içerki syýasy ýagdaý onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegine ýol bermedi” diýip, Orsýetiň Daşary işler ministrligi TASS habar gullugyna aýtdy.

ABŞ mediasy ozal Hantsmanyň – Utanyň ozalky gubernatorynyň öňki işine, yzyna gelmek isleýändigini habar berdi. Tramp Hantsmanyň işden çekilmek ähtimallygy barada geçen hepde rus prezidenti Wladimir Putin bilen eden telefon gürrüňinde maslahat etdi.

Resmi taýdan işden 3-nji oktýabrda çekilýän Hantsman düşündiriş üçin elýeterli däl, emma Salt Leýk şäheriniiň Söwda palatasynyň prezidenti Derek Miller AP habar gullugyna Hantsmanyň Utada, ştat gubernatorlygy üçin bäsleşmegine garaşylýan ýerde jaý gözleýändigini aýtdy.

Döwlet departamenti AÝ/AR-nyň Hantsmanyň işden çekilýändigini tassyklatmak üçinberen soragyna bada-bat jogap bermedi, bu barada öz websaýtynda hem hiç zat aýtmady. Haçanda Azatlyk ilçihana ýüz tutanda, ilçihananyň işgäri hiç bir düşündiriş bermedi we soraglaryň ilçihana elektron hat arkaly iberilmelidigini aýtmak bilen çäklendi.

Ilçiniň gelen karary Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň Sowuk uruş döwründen bäri iň ýaramazlaşan wagtyna gabat geldi we bu ýagdaý onuň netije gazanmakdaky ukyp-başarnygyna päsgelçilik döretdi.

“Ilçi Hantsman Orsýetde örän kyn döwürde, lapykeç ediji pursatda gulluk etdi. Edil häzir ABŞ-Orsýet gatnaşyklaryndan mundan kän iş edip bolmazdy” diýip, ABŞ-nyň Orsýetdäki ozalky ilçisi Maýkl Makfol (Michael McFaul) twitterde aýtdy.

Tramp Hantsmany özüniň Orsýetdäki ilçisi wezipesine 2017-nji ýylyň iýulynda, ýörite prokuror Robert Muller Kremliň ABŞ saýlawlaryna garyşyp-gatyşmandygy baradaky iki ýyllyk derňewlerine başlanyndan birnäçe aý soňbelledi.

Bu derňewden syzyp çykýan maglumatlar her hepde diýen ýaly Orsýetiň 2016-njy ýyldaky saýlawlardaky roly barada zyýanlymaglumatlaryň peýda bolmagyna getirdi we, Trampyň Kreml bilen gatnaşyklary gowulandyrmak ugrundaky tagallalaryna we beren wadasyna ägirt uly kölege saldy.

Hantsmanyň ilçi wagtynda Kongres Orsýetere garşy, onuň “betpygyl” hereketleri, şol sanda saýlawlara gatyşmagy we ozalky rus içalysyny we onuň gyzyny Britaniýada zäherlemegi bilen bagly, täze sanksiýalary öňe sürdi.

ABŞ-nyň ilçisi Putiniň 2018-nji ýylda Sankt-Peterburgda geçiren ýyllyk Ykdysady forumyna gatnaşandygy üçin tankyt edildi. Ol 2019-njy ýylda, Orsýet ýurtdaky iň tanymal amerikan maýadarlarynyň biri Maýkl Kelwini (Michael Calvey) tussag edeninden soň, bu foruma gatnaşmady.

Kremliň ýurt içindäki problemalarynyň çylşyrymlaşmagy, ykdysady durgunlygyň we nägilelikleriň artmagy bilen Hantsmanyň işi has-da kynlaşdy diýip, ozal Gazagystanda ilçi bolan we häzir Waşingtondaky Rand Korporation ylmy-barlag institutynda işleýän Williýam Kortni (William Courtney) AÝ/AR-a aýtdy.

Orsýet şu ýyl bir topar mesele boýunça, şol sanda ýaşaýyşderejesiniň pese gaçmagy, ýaňy-ýakynda bolsa, Moskwa şäher dumasyna boljaksaýlawlaryň galplaşdyrmagy bilen bagly tapgyrlaýyn protest aksiýalary bilen ýüzbe-ýüz boldy.

“Bu Moskwa bilen iş salyşmagyň adatdan daşary kyn döwri we Orsýetdäki soňky içerki gozgalaň Kremliň diplomatiýa üns bermegini has-da kynlaşdyrýar” diýip, Kortni aýtdy.

Synçy Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki atmosferasyny 1980-nji ýyllaryň başyndaky ýagdaý bilen deňedi.

Bu onuň üçünji diplomatlyk wezipesidi, Hantsman Moskwadan öň, 2009-11-nji ýyllarda Hytaýda,1992-93-nji ýyllarda Singapurda hem ilçi bolup işläpdi.

Ol Pekine göçmezinden öň, iki saýlawda ýeňiş gazanyp, 2004-09-njy ýyllarda Utada gubernator bolup işledi.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG