Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Hindistany we Pakistany asudalygy saklamaga çagyrdy


HIndi howpsulyk güýçleri Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan sebitine gözegçilik edýärler.

Hindistan bilen Pakistanyň dawaly Kaşmir sebiti ugrundaky dartgynlylyklarynyň ýitileşmeginiň fonunda, ABŞ 7-nji awgustda taraplary asudalyga çagyrdy.

“Biz Kaşmir we alada döredýän beýleki meseleler boýunça Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky gönümel dialogy goldamagymyzy dowam etdirýäris” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili beýanat bilen çykyş etdi.

Bu beýanat, Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirijisi Alis Wellsiň (Alice Wells) Pakistana edýän bäş günlük saparyna gabat geldi. Ol owgan parahatçylyk prosessi boýunça gepleşikleri geçirýär.

Wells Pakistandan soňra Hindistana we Şri Lanka hem sapar eder.

Bu aralykda, Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan Nýu-Delini Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan sebitiniň aýratyn statusyny ýatyrmak kararyny yzyna almagy üçin “ähli forumlarda” tagalla etjekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG