Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa wekilleri Moskwa saýlawlaryna goýberilmedi


Oppozisiýa aktiwisti Lýubow Sobol
Oppozisiýa aktiwisti Lýubow Sobol

Russiýanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy iki sany belli oppozisiýa wekilini Moskwa geňeşine 8-nji sentýabrda geçirilmeli saýlawlara gatnaşdyrmaly däl diýen öňki kararyny öz güýjünde galdyrdy.

Saýlaw komissiýasy bu kararyny 7-nji awgustda çykardy. Mundan öň, syýasatçy Dmitriý Gudkow we Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň aklawçysy Lýubow Sobol degişli şikaýatlary bilen ýüz tutupdylar.

“Siz adamlary köçä çykmaga itekleýärsiňiz” diýip, Sobol şikaýaty ret edilenden soň saýlaw resmilerine ýüzlendi.

Umumy hasapda garaşsyz we oppozisiýa wekilleriniň 19 sanysy saýlawlara goýberilmegini sorap, şikaýatlaryny tabşyrypdylar.

Saýlawlara gatnaşmaga rugsat berilmän başlanyndan soň, ýagny iýulyň başlaryndan bäri Moskwada ençeme gezek protestler geçirildi.

Saýlaw resmileri kandidatlaryň saýlawa gatnaşmak üçin toplan gollarynyň käbiriniň galpdygyny öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG