Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB bilen iri taslamalarda ylalaşyklara ymtylýan Türkmenistanda Günbatara garşy wagyz kime derkar?


Illýustrasiýa suraty

Iýulyň aýagynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy barada sosial mediada we rus dilli habar serişdelerinde ýaýran gürrüňleriň fonunda, geçen hepde türkmen hökümetiniň wagyzçylarynyň halk arasynda Günbatar ýurtlaryna garşy wagyz işlerini geçýändikleri barada habarlar peýda boldy.

6-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Türkmenistanda üstümizdäki döwlet baýramçylyklaryna görülýän köpçülikleýin taýýarlyk çärelerinde hökümet wagyzçylarynyň Günbatar ýurtlaryny Türkmenistandana garşy duşmaçylyk etmekde aýyplaýandyklaryny hem-de çärelere gatnaşyjylary prezidentiň daşynda jem bolmaga çagyrýandyklary hakynda habar berdi.

Habarçynyň malgumatlaryna görä, çärelere gatnaşan hökümet wagyzçylary “Günbatary” “daşarky duşman” atlandyrypdyr.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda bitarap Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik giňişliginde mundan ozal asla diýen ýaly eşidilmedik ýa-da görülmedik “täze oýlanyp tapylan” “daşarky duşman” aňlatmasy barada gürrüň edilýär.

Programmanyň dowamynda türkmen agitatorlarynyň wagyz edýändigi aýdylýan “günbatarly duşmanlary” bilen bagly soraglar boýunça Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýeriň hem-de ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hallynyň gepleşigimize beren interwýulary eşitdiriler.

ÝB bilen iri taslamalarda ylalaşyklara ymtylýan Türkmenistanda Günbatara garşy wagyz kime derkar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:59 0:00


Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG