Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak protestçileri syýasy tussaglaryň azat edilmegine çagyrýarlar


12-nji awgustda geçirilen çärede demonstrantlaryň ellerinde “Syýasy tussaglar azat edilsin!” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy.

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda 20 töweregi adam Ýewropa döwletleriniň Gazagystandaky ilçihanalarynyň öňünde ýöriş geçirip, gazak resmilerine tussaglykdaky syýasatçylaryň we aktiwistleriň azat edilmegi boýunça çagyryş etdiler.

12-nji awgustda geçirilen çärede demonstrantlaryň ellerinde “Syýasy tussaglar azat edilsin!” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy. Protestçiler ýörişiň dowamynda “Azatlyk!” diýen şygarlary hem gygyrdylar.

Protestçileriň biri Maýgül Sadykowa iňlis dilinde eden çykyşynda: “Bu adamlar günäkär däl. Olar hiç hili sebäpsiz gözenegiň aňyrsynda saklanylýar. Biz olaryň dessine azat edilmegine çagyrýarys!” diýdi.

Soňky hepdeleriň dowamynda Gazagystanyň dürli şäherlerinde syýasy tussaglaryň azat edilmegi boýunça ýörişler geçirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG