Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Konguň lideri protestçileri asudalyga çagyrdy


Hong Konguň lideri Karrie Lam. 13-nji awgust, 2019 ý.

Hong Konguň lideri Karrie Lam, 10 hepde bäri geçirilýän hökümete garşy protestleriň fonunda, Hytaýyň territoriýasynyň “howply ýagdaýa” gelendigini aýtdy.

13-nji awgustda eden çykyşynda Lam asudalygy saklamaga çagyrdy. Şeýle-de, ol gazaplylygyň “yzyna gaýtaryp bolmajak ýagdaýlara” eltjekdigini duýdurdy.

Emma, ol demokratik protestçilere eglişik etmekden ýüz öwürdi.

Geçen dynç günleriniň dowamynda protestçileriň polisiýa bilen çaknyşmagy netijesinde onlarça adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Protestler aýyplanýanlaryň Hytaýda sud edilmegine mümkinçilik berjek kanun sebäpli başlady. Kanunyň tankytçylary bu ýagdaýda öz hak-hukuklarynyň doly berjaý ediljekdigine şübhe bildirdiler.

Mundan soň, gürrüňi gidýän kanun ýatyryldy. Emma, protestçiler Lamyň wezipeden çekilmegini, gönümel saýlawlary we polisiýanyň baş goşdy diýilýän gazaplylygynyň derňelmegini talap edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG