Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HYF-a gatnaşan daşary ýurtly myhman Türkmenistana eden saparynyň özünde galdyran täsirini gürrüň berdi


Hazar ykdysady forumynyň dowamynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda düşürilen surat
Hazar ykdysady forumynyň dowamynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda düşürilen surat

Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 11-12 – nji awgustda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumy öz işini tamamlady.

Foruma gatnaşan daşary ýurt işewür toparlarynyň bir wekili atlandyrylmazlyk şertinde 13-nji awgustda Azatlyk Radiosyna ýörite interwýu berdi.

Ol söhbetdeşlikde Türkmenistanyň özünde galdyran täsiri barada gürrüň berdi.

Hazar ykdysady forumynyň dowamynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda düşürilen surat. 12-nji awgust, 2019-njy ý
Hazar ykdysady forumynyň dowamynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda düşürilen surat. 12-nji awgust, 2019-njy ý

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň hödürleýän biznes şertleri we olaryň ygtybarlylygy bilen gyzyklandy.

“Daşary ýurt maýadarlaryna Türkmenistan barada nämeleri maslahat berýärsiňiz? Daşary ýurt maýadarlary Türkmenistana maýa goýup bilerlermi?” diýlen soraga gürrüňdeşimiz: “Bu meselede anyk bir zat aýtmak kyn” diýip, jogap berdi.

“Bir tarapdan Türkmenistanyň nebite we gaza baý ýurt bolanlygy sebäpli, ol ýeriň potensialy bar, beýleki tarapdan, ähli meseleler diňe bir adamdan çözülýändigi sebäpli, ol ýurda maýa goýmak kyn” diýip, daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekili 13-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Ähli soraglar diňe bir adamdan, ýagny prezidentden çözülýän ýaly” diýip, ol sözüne goşdy.

Gürrüňdeşimiz forumyň dowamynda türkmen hökümetiniň her bir daşary ýurt myhman toparlaryna aýratynlykda bir adam berkidendigini aýtdy.

“Ýaltanman, her topara bir adam berkidipdirler. Olara ‘meýletinçi’ diýýärler” diýip, myhman aýtdy.

Hazar ykdysady forumynyň dowamynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda düşürilen surat. 12-nji awgust, 2019-njy ý
Hazar ykdysady forumynyň dowamynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda düşürilen surat. 12-nji awgust, 2019-njy ý

Türkmenistana sapar eden daşary ýurtly myhmany prezidentiň portretleri haýran galdyrypdyr.

“Hemme ýerde prezidentiň portreti bar. Nirä seretseň, durşuna prezidentiň portreti. Hemme tarapa seredýän görnüşde onuň portretini asypdyrlar” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi hem-de “Türkmen sährasy — 2019” atly halkara awtosergi hem geçirildi.

Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, sergilere jemi 57 sany daşary ýurtly kompaniýa we 62 sany ýerli kärhana gatnaşypdyr.

Resmi habarda sergä gatnaşan daşary ýurtly kompaniýalaryň hatarynda “THALES”, “HYUNDAI”, “CNPC”, “Petronas”, “LG”, “Schlumberger”, “DragonOil”, “Buig”, “JohnDeere”, “Itochu”, “ZEPPELIN”, “Vinci”, “Sumitomo”, “Huawei”, “GeneralElectric” ýaly kompaniýalar agzalýar.

Hazar ykdysady forumynyň dowamynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda düşürilen surat. 12-nji awgust, 2019-njy ý
Hazar ykdysady forumynyň dowamynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda düşürilen surat. 12-nji awgust, 2019-njy ý

Daşary ýurtly myhman Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ep-esli oteliň gurlandygyny, ýöne olara oňat aýawly garalmaýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol özleriniň myhmanhanalarda dynç alýan ýerli ýaşaýjylara duş gelmändiklerini nygtady.

“Myhmanhanalaryň otaglarynyň birinde ýarganat bar ekeni” diýip, ol sözüne goşdy.

Birinji Hazar ykdysady forumyna daşary ýurtlaryň hökümet baştutanlary, ýokary derejeli resmiler, halkara guramalaryň wekilleri, daşary ýurt wekilhanalarynyň Türkmenistandaky wekilleri, şeýle-de ykdysadyýet, şol sanda ýangyç-energetika we beýleki pudaklaryň wekilleri, daşary ýurtly we ýerli kompaniýalaryň işgärleri gatnaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG