Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda Birinji HYF geçirilýän mahalynda gurbanlyk mal öldürip, sadaka bermek gadagan edildi


Illýustrasiýa suraty

Şu günler Türkmenistanda we dünýäniň beýleki musulman ýurtlarynda Gurban baýramy bellenilýän mahalynda, Türkmenbaşy şäherinde we onuň töwereginde ýaşaýan raýatlara gurbanlyk mal öldürip, sadaka bermek dil üsti bilen gadagan edildi.

Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysy gadagançylygyň Türkmenbaşyda geçirilýän halkara çäre, ýagny Birinji Hazar ykdysady forumy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Düýn Türkmenbaşy şäheriniň we töweregindäki şäherçeleriň häkimleri gurbanlyk mal öldürmegi we sadaka bermegi gadagan etdiler. Ýerli häkimler 13-nji awgusta çenli şäherde we onuň golaý-goltumynda ýekeje-de hereket bolmaly däldigini tabşyrypdyrlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy ýerli ýaşaýjylaryň we hökümet hem-de býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp, 10-njy awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Balkan welaýatynyň ýerli resmileri bu gadagançylygyň sebäpleriniň Türkmenbaşyda geçirilýän Birinji Hazar ykdysady forumy döwründe şäheriň arassaçylygynyň hem-de tertip-düzgüne gözegçiligiň ýokary depginde üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Häzir halkara çäre sebäpli myhmanlar geldiler. Resmiler şäheriň arassaçylygyna we tertip-düzgüne gözegçilige päsgel ýetirmezlik maksady bilen, şu ýyl Gurban baýramyny bellemezligi tabşyrypdyrlar. Şu gün döwlet telewideniýesinde Türkmenbaşyda we Awazada Gurban baýramynyň bellenilendigi barada wideo reportažlar görkezildi. Ýöne bu reportažlar mundan 5 gün çemesi öň ýerli medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda surata alnyp, öňünden taýýarlanylypdy” diýip, habarçy belledi.

Belläp geçsek, türkmen däp-dessurlaryna görä, Türkmenistanda adatça Gurban baýramynda janly öldürilip, eli ýuka maşgalalara paýlanýar ýa-da gazan atarylyp, gurbanlyk sadakasy berilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilýän gadagançylyk we munuň sebäpleri barada Balkan welaýat we Türkmenbaşy şäher häkimlikleri bilen habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Ýöne bu waka 11-12-nji awgustda Türkmenbaşyda Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilýän mahalyna gabat geldi. 11-nji awgustda öz işine başlan bu halkara çärä Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen bir hatarda, başga-da ençeme ýurduň döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşýar.

Türkmenbaşy şäheri bu çärä güýçli depginde taýýarlyk görüpdi. 5-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýat häkimligindäki ynamdar çeşmesi bu taýýarlyklar bilen baglylykda, balkanly býujet işgärleriniň Türkmenbaşy şäheriniň köçelerini arassalamaga, jaýlary reňklemäge mejbur edilýändigini habar beripdi.

Türkmen prezidenti 9-njy awgustda türkmenistanlylaryň bu ýyldaky Gurbanlygy dört günläp baýram etjekdigini aýtdy. Döwlet baştutany Gurban baýramyny 2019-njy 11-12-13-nji awgustynda bellemek baradaky karara gol çekdi we şol günleri iş güni däl diýip yglan etdi. Şeýle-de prezident 2019-njy ýylyň 11-nji awgustyndaky dynç gününiň 14-nji awgusta — çarşenbe gününe geçirilýändigini belledi.

Bu kararyň ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan ýerine ýetirilmelidigi aýdylýar. Şol bir wagtda prezident edaralaryň, hususan-da hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň bu baýramçylygyň ýokary derejede geçirilmegi üçin goşmaça nobatçylyklary guramagyny tabşyrdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi Türkmenistanda soňky ýyllarda işsizlik we ykdysady kynçylyklar sebäpli gurbanlyk etmäge gurby çatýan maşgalalaryň has köp göze ilýändigini aýdýar.

12-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri şu welaýatyň etraplarynda we obalarynda Gurbanlygyň öňki ýyllardaky şowhunynyň, dabarasynyňgöze ilmeýändigini habar berdi.

“Öňler Marynyň obadyr etraplarynyň her bir dworynda Gurban baýramy aýdymçy çagyrylyp, uly şowhun bilen bellenilýärdi. Düýn agşam obalar ümsümlikdi, hiç ýerde aýdym sesi eşidilmedi. Şäher içi hem şonuň ýalydy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçy şu ýyl Mary şäheriniň golaý-goltumyndaky obadyr etraplarda öňki gurnalan hiňňillikleriň hem sökülip aýrylandygyny aýtdy.

“Diňe Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrundaky “Ylham” köşgüniň gapdalynda 2 sany hiňňillik bar. Mary welaýatynyň başga ýerlerindäki hiňňillikleriň ählisini diýen ýaly kesip aýrypdyrlar” diýip, habarçy belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG