Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda kombaýn sürüjileri aýlyklaryny alyp bilmän, gallaçylar hasyl puluny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda kombaýn sürüjileri şu ýylky galla oragy möwsüminde çeken zähmeti üçin aýlyklaryny alyp bilmän, gallaçy daýhanlar bolsa, hasyl puluny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär.

“Lebabyň Astanababa, Halaç, Hojambaz, Amyderýa sebitleriniň oba hyzmat edaralarynyň işgärleri, hususan-da, kombaýn sürüjileri şu ýylky orak möwsüminde işlän haklaryny alyp bilmeýärler. Olar indi iýun aýynyň ahyryndan bäri her gün diýen ýaly oba hyzmat edarasyna gatnaýarlar. Ýöne häzirlikçe olara ‘garaşyň’ diýip jogap berýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren lebaply habarçy 14-nji awgustda gürrüň berdi.

Lebabyň gürrüňi edilýän etraplarynyň oba hyzmat edaralarynyň ençeme işgäri bilen söhbetdeş bolan habarçy zähmet haklarynyň öz wagtynda berilmeýändigi sebäpli kombaýn we traktor sürüjileriniň onlarçasynyň işden çekilendigini hem belledi.

“Aýlyklar wagtynda berilmeýändigi sebäpli güzeran ýagdaýy öňden-de erbet bolan sürüjiler işden çekilip, daşary ýurtlara iş gözleginde gidýärler” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Lebabyň oba hyzmat edaralarynyň ençeme işgäri öz zähmet haklaryny alyp bilmeýän mahalynda, käbir gallaçy daýhanlar döwlet harmanyna tabşyran bugdaýynyň hasyl puluny indi iki aý bäri nagtlaşdyryp bilmän kösenýär.

Bu barada 13-nji awgustda habar beren Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky beýleki bir habarçysy bu kösençlikleri Köýtendag etrabynyň we Amyderýa, Kerkiçe şäherçeleriniň gallaçy daýhanlary başdan geçirýändigini belledi.

“Kärendeçiler 400 kilometr çemesi ýoly söküp, Türkmenabat şäherine gelýärler. Sebäbi olaryň hasyl pullary bank kartlaryna geçirilen bolsa-da, olaryň ýaşaýan ýerlerindäki bankomatlaryň ýekejesinde-de nagt pul tapdyrmaýar. Ýöne Türkmenabadyň bankomatlarynyň öňünde-de nobatlar uly” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy oba hojalyk işgärleriniň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi we bankomatlarda nagt puluň tapdyrmazlygy barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Lebap welaýatyndaky edaralaryndan kommentariý alyp bilmedi.

27-nji iýunda döwlet eýeçiligindäki metbugat Türkmenistanyň bugdaý planyny doldurandygyny habar berdi we ýurt boýunça jemi 1 million 600 müň tonnadan gowrak azyklyk gallanyň harmana tabşyrylandygyny aýtdy.

Munuň yzýany, resmi media döwlet harmanyna bugdaý tabşyran kärendeçiler bilen, prezidentiň galla oragy başlan wagtynda aýdyşy ýaly, öz wagtynda hasaplaşyk geçirilýändigini habar berip, gowy geýnüwli kärendeçileriň bankomatlardan öz zähmet haklaryny maňlaýa sylyp alyşlaryny görkezdi.

Emma Azatlygyň habarçylary bankomatlaryň öňünde uzyn nobata duran, pullaryny wagtynda nagtlaşdyryp bilmeýän kärendeçileriň, şeýle-de býujet işgärleriniň wideoýazgylaryny indi ençeme gezek iberdi.

Halkara we ýerli synçylaryň ençemesi Türkmenistanyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini, emma bu ýagdaýy resmi taýdan boýun almaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG