Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pile we bugdaý planyny dolan Türkmenistan lebaply ýüpekçileriň we gallaçylaryň hasyl puluny tölemeýär


Lebaply daýhan. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň resmi mediasy döwlet harmanyna bugdaý tabşyran kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyk geçirilýändigini aýdyp, olaryň ýüzüne pul sylýan pursatlaryny görkezýän mahalynda, Lebap welaýatynyň pileçileri we gallaçylary öz hasyl pullaryny alyp bilmän kösenýärler.

“Lebaply ýüpekçileri mundan bir aýdan gowrak öň tabşyran pile hasyly üçin pullaryny alyp bilmeýärler. Bugdaý hasylynyň pullary hem heniz ýekeje kärendeçiniň hasabyna-da geçmändir. Lebabyň tas ähli etrapdyr obalarynda ýagdaý şuňa meňzeş” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri 2-nji iýulda gürrüň berdi.

11-nji iýunda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi şu ýyl ýurtda pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň 111,5 göterim berjaý edilendigini habar berip, ýurduň ýüpekçileriniň döwletiň dokma senagaty üçin çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrandygyny mälim etdi.

27-nji iýunda döwlet eýeçiligindäki metbugat Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylarynyň hasabat bermegi bilen, Türkmenistanyň bugdaý planyny hem doldurandygyny habar berdi we ýurt boýunça jemi 1 million 600 müň tonnadan gowrak azyklyk gallanyň harmana tabşyrylandygyny aýtdy. Mundan öň, 25-nji iýunda Ahal welaýatynyň, 26-njy iýunda Mary welaýatynyň bugdaý planyny dolandygy habar berildi.

26-njy iýunda türkmen telewideniýesiniň wideo maglumatlarynda gowy geýnüwli kärendeçileriň öz zähmet haklaryny maňlaýa sylyp alyşlary görkezildi. Ýöne Lebabyň dürli etraplaryndaky daýhanlaryň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu görkezilenleriň hakykata gabat gelmeýändigini, daýhanlaryň hasyl pulunyň haçan beriljekdigi barada resmilerden takyk maglumat almak synanyşyklarynyň hem häzirlikçe netije bermeýändigini aýdýar.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky we Daşoguzdaky biri-birinden garaşsyz habarçylary bu ýyl bugdaý hasylynyň geçen ýyldakydan gowy, bereketli bolandygyny aýdýarlar. Ýöne bu welaýatlaryň galla plan borçnamasyny dolandygy baradaky habaryň hakykatdan sähel daşdadygyny belleýärler.

“Geçen ýyl 30 prosent bugdaý tabşyryp, kagyz ýüzünde galla plany dolan ýaly edip görkezdiler. Ýöne bu galp plan dolmalar köp wagt geçmän özüniň erbet netijesini görkezipdi. Ýagny tutuş ýyl un, çörek ýetmezçiligi dowam etdi. Şu ýyl çörek meselesi bolmaz derejede, ýurt ilatyna ýeterlik derejede bugdaý bar diýip aýdyp biljek. Sebäbi geçen ýyl çörek ýetmezçiliginden gorkan halk gapysynda bir garyş ýer tapsa, bugdaý ekip gowy hasyl aldy. Umuman, halkda ýokdan gowy bolar diýen umytlar bar” diýip, ýerli oba hyzmat edaralarynyň anonim şertde maglumat beren ençeme işgärine we kärendeçä salgylanyp, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň berdi.

Ýatlatsak, geçen ýylyň iýul aýynyň ahyrynda türkmen hökümeti galla oragynyň netijeleri boýunça diňe töwerekläp, bugdaý meýdanlaryndan “1 milliondan gowrak hasyl ýygnaldy” diýdi. Döwlet tarapyndan kesgitlenen bugdaý plan borçnamasy 1 million 600 müň tonna barabardy.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanda 2018-nji ýyl üçin 1 million 50 müň tonna diýlip kesgitlenen pagta plan borçnamasynyň doly berjaý edilendigini yglan etdi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi 2018-nji ýylda ýurtda galla plan borçnamasynyň ortaça 70%-niň we pagta plan borçnamasynyň 50%-niň hem berjaý edilmändigini habar beripdi.

Resmi taýdan tassyklanmadyk, ýöne inkär hem edilmedik bu maglumatlar barada “Hronika Türkmenistan” neşiri hem ýurduň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hasabatlaryna salgylanyp habar berdi.

Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl welaýatlaryň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň ýaramaz işländigini aýdyp, 10-dan gowrak etrap häkimini we olaryň orunbasarlaryny wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanda indi iki ýyldan gowrak wagt ösümlik ýagy, ýumurtga, şeker ýaly azyk harytlary bilen bir hatarda, un, çörek we kepek gytçylygy we munuň bilen bagly döwlet dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlar dowam edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG