Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Modi Kaşmiriň aýratyn statusynyň ýatyrylmagyny gorap çykyş etdi


Hindi premýer-ministri Narendra Modi

Hindi premýer-ministri Narendra Modi Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan böleginiň aýratyn statusynyň ýatyrylmagynyň regionyň “öňki şan-şöhratyny” gaýtadan dikeltjekdigini we munuň ýurduň ösüşinde “möhüm rol” oýnajakdygyny aýtdy.

15-nji awgustda Hindistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli eden çykyşynda Modi Kaşmir bilen bagly öňki ylalaşygyň korrupsiýany, tanyşparazlygy we adalatsyzlygy öjükdirendigini hem belledi.

4-nji awgustdan bäri Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan böleginde komendant sagadyna meňzeş çäklendirme güýje girizildi we aragatnaşyk doly diýen ýaly kesildi.5-nji awgustda Nýu-Deli Hindistanyň konstitusiýasynda ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Kaşmir regionyna ýurduň beýleki ştatlaryndan has köp awtonomiýa berýän maddany ýatyrdy.

Kaşmir Hindistan bilen Pakistanyň arasynda ikä bölünendir, ýöne iki döwlet hem onuň dolulygyna özüne degişlidigini öňe sürýär. Ýadro ýaragyna eýe bolan iki ýurt 1947-nji ýyldaky bölünişikden bäri regionyň üstünde iki urşy başdan geçirdi.

Hindi premýer-ministri öz çykyşynda Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan bölegine aýratyn statusy berýän konstitusion kanunyň 370-nji maddasynyň separatizm hereketlerini öjükdirip, aýallar, çagalar we tire-taýpa jemgyýetleri üçin “korrupsiýanyň, tanyşparazlygyň we adalatsyzlygyň” döremegine sebäp bolandygyny aýtdy.

“Biz Kaşmiriň öňki şan-şöhratyny gaýtadan dikelderis we bu ýurduň ösüşinde möhüm rol oýnar” diýip, hindi premýer-ministri belledi.

Mundan bir gün öň, Pakistan özüniň Garaşsyzlyk gününi belledi. Şonda Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan Hindistanyň regiondaky hereketleriniň üstüni açmak üçin diplomatik tagallalary artdyrjakdygyny wada berdi.

“Men Kaşmiriň sesini dünýä ýetirýän ilçi bolaryn” diýip, Khan aýtdy.

Şeýle-de, ol Hindistany Kaşmiriň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan böleginde harby hereketi planlaşdyrmakda aýyplady we islendik hindi agressiýasyna garşy “soňuna çenli söweşmegi” wada berdi.

Pakistan halkara kanunyna laýyklykda Hindistanyň Kaşmiriň aýratyn statusyny ýatyrmak baradaky ädiminiň bikanundygyny aýdyp, muňa garşy gaýtawul çärelerini kabul etdi. Pakistan öz goňşusy bilen ikitaraplaýyn söwdany, ähli jemgyýetçilik transport liniýalaryny ýatyrdy we Nýu-Deliniň Yslamabatdaky ilçisini yzyna iberdi.

Pakistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinden bu meseläni çözmek üçin gyssagly mejlisi geçirmegi hem sorady.

Bu aralykda, Hindistanyň hindu milletçileri tarapyndan dolandyrylýan hökümeti çäklendirmeleriň ilatynyň aglabasy hindulardan ybarat Jammu regionynda gowşadylandygyny, ýöne ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Kaşmir jülgesinde saklanyp galýandygyny aýtdy.

Kamşir jülgesi hindu dolandyryşyna garşy 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gozgalaňlaryň esasy ojagy bolup, bu ýerdäki çaknyşyklarda on müňlerçe adam heläk boldy.

Sebitde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigine garamazdan, 370-nji maddanyň ýatyrylmagyna garşy protestler geçirildi. Olaryň biri 9-njy awgustda Srinagar şäherinde geçirilip, oňa müňlerçe adam gatnaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG