Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gibraltar Eýranyň supertankeriniň taýýar bolan dessine gidip biljekdigini aýtdy


Eýranyň “Grace1” gämisi
Eýranyň “Grace1” gämisi

Gibraltaryň baş ministri Fabian Pikardo (Fabian Picardo) Eýranyň alty hepde ozal ele salnan supertankeriniň taýýar bolan dessine gidip biljekdigini aýtdy. PikardoBritaniýanyň deňziň aňyrsynda ýerleşýän territoriýalary boýunça Ýokary sudunyň “Grace1” gämisini duruzmak üçin Birleşen Ştatlar tarapyndan amala aşyryljak islendik tagalla syn etjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Gibraltaryň baş ministriniň eden bu çykyşy, Eýranyň supertankeriniň ekipaž agzalarynyň ABŞ-nyň wiza gadagançylygyna sezewar edilip bilinjekdigi barada Birleşen Ştatlaryň ýaýradan beýanatynyň yzýanyna gabat geldi.

15-nji awgustda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Morgan Ortagus “Grace1” gämisiniň Waşingtonyň “terrorist gurama” diýip hasaplaýan Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary güýçlerine ýardam berýändigini aýtdy.

“Munuň Grace1 gämisi bilen ilteşikli islendik adam üçin çynlakaý netijeleri bolup biler” diýip, Ortagus aýtdy.

Mundan ozalky habarlarda “Grace1” gämisinde, hususan-da, Hindistanyň, Pakistanyň we Ukrainanyň raýatlaryndan ybarat 28 işgäriň bardygy aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG