Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gyrgyz prezidenti Atambaýew ýene 10 gün tussaglykda saklanar


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň tarapdarlarynyp biri ýurduň Milli Howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň binasynyň golaýynda çykyş edýär. 16-njy awgust, 2019 ý.
Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň tarapdarlarynyp biri ýurduň Milli Howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň binasynyň golaýynda çykyş edýär. 16-njy awgust, 2019 ý.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň aýalynyň işleri barada derňewler başladylan mahaly, Atambaýew ýene 10 gün tussaglykda saklanar.

16-njy awgustda Bişkegiň şäher sudy Atambaýewi 26-njy awgusta çenli deslapky tussaghanada saklamak boýunça aşaky suduň çykaran kararyny öz güýjünde saklady. Bu barada öňki gyrgyz prezidenti Atambaýewiň aklawçysy Sergeý Slesarew sud diňlenişiginden soň žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

Atambaýewiň sud diňlenişigi Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça döwlet komitetinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Sud diňlenişiginiň geçirilen mahalynda Atambaýewiň dogan-garyndaşlarynyň we tarapdarlarynyň onlarçasy, şol sanda onuň aýaly Raisa Atambaýewa Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň golaýyna bardy.

Raisa Atambaýewa žurnalistlere beren maglumatynda häkimiýetler tarapyndan Atambaýewiň dogan-garyndaşlarynyň köpüsine basyş edilýändigini, olaryň öýlerinde “bikanun” gözleg işleriniň geçirilendigini we özüne garşy jenaýat derňewiniň başladylandygyny aýtdy.

Atambaýewa özüne garşy derňewiň, prezident edarasynyň sud ulgamynda reforma boýunça departamentiniň öňki başlygy Manasbek Arabaýewiň işi bilen ilteşikli başladylandygyny belledi. Iýun aýynda Arabaýew korrupsiýada aýyplanypdy.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň edarasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Atambaýewa garşy derňew işiniň başladylandygyny tassyklady, ýöne bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG