Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Si Jinpingi Hong Kongdaky protestçiler bilen duşuşmaga çagyrdy


Hytaýyň Hong Kongyň golaýyndaky harby güýçleri
Hytaýyň Hong Kongyň golaýyndaky harby güýçleri

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Hytaýyň lideri Si Jinpingi Hong Kongdaky protestçiler bilen duşuşmaga çagyrdy. Ol munuň öňki britan koloniýasynda demokratiýa tarapdar protestçiler tarapyndan geçirilýän ýörişlere, ýagny hepdeläp dowam edýän krizisa “şatlykly we aýdyň soňy” getirmek üçin amala aşyrylmalydygyny belledi.

Trampyň 15-nji awgustda eden bu çykyşy, Pekin, döwlet eýeçiligindäki media we Hong Kongdaky Hytaýa tarapdar liderler Hytaýyň “durnuksyzlygy dessine basyp ýatyrmaga” taýýardygyny we eger krizis “dolandyryp bolmajak” ýagdaýa baryp ýetse, onda onuň “elini aşak sallap, seredip” oturmajakdygyny aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Tramp habarçylara beren maglumatynda “Men eger ol [Si] protestçiler bilen duşuşsa, onda onuň bu meseläni 15 minutda çözjekdigine jedel edip bilerin” diýdi.

1997-nji ýylda Beýik Britaniýa Hong Kongyň kontrollygyny Hytaýa geçiripdi. Şondan soň Hong Kong kesgitli derejedäki awtonomiýa bilen Hytaýyň aýratyn administratiw regionyna öwrüldi.

XS
SM
MD
LG