Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident toý mekanynda onlarça adamyň öldürilmegini ýazgarýar


Owgan prezidenti Aşraf Gani “Talyban” toparynyň jogapkärçilikden ýüz öwürmegini ret etdi.

Owgan resmileri 17-nji awgust güni giçlik Kabuldaky toýhanada, janyndan geçen bombaçynyň özüni partlatmagy netijesinde 63 adamyň ölendigini, 182-den gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Owgan prezidenti Aşraf Gani “Talyban” radikal fundamentalçy toparynyň jogapkärçilikden ýüz öwürmegini ret etdi we olaryň bu “wagşyýana” hüjüme azyndan şärikdigini aýtdy.

Ol howpsuzlyk ýagdaýyny we bu hili howpsuzlyk “säwliklerinden” sowulmagyň ýollaryny maslahatlaşmak üçin adatdan daşary duşuşyga çagyrandygyny aýtdy.

“Talyban” Waşington bilen jeňji toparyň 18 ýyla golaýlan konflikti soňlamak üçin ylalaşyga ýakyn gelen wagtynda bolan iň ganly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almakdan boýun gaçyrdy.

“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Muajahid WhatsApp arkaly çap eden beýanatynda bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi diýip, dpa habar agentligi habar berdi.

“Yslam döwlet” jeňçi topary bu hüjümiň jogapkärçilgini öz üstüne aldy. Geçmişde öz etmedik hüjümlerini hem etdim diýensoň, resmiler birbada bu topara şübhe bildirmediler.

Biraz soň YD ýa-da YD-nyň Owganystandaky şahamçasy beýanat çap edip, bu hüjümi özleriniň "dinden çykanlary" nyşana almak üçin gurnandyklaryny aýtdy.

Kabuldaky toý mekanynda bolan partlamada onlarça adam öldürildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:37 0:00

Partlama “Dubai City” toý mekanynyň içinde boldy, bu ýer Kabulyň şaýy azlygy tarapyndan iň rahat hasaplanýan künjekleriň biridi.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi Kabulyň günbatar tarapyndaky toý zalynda bolan bomba partlamasynda ýaraly bolanlaryň arasynda aýallaryň we çagalaryň hem bardygyny aýtdy.

“Gynansak-da, bu partlama asuda adamlaryň pida bolmagyna getirdi” diýip, ol aýtdy.

"Toýa 1200 çemesi myhman çagyryldy” diýip, aman galan myhmanlaryň biri Ahmad Omid AP habar gullugyna aýtdy. Ol bu toýuň öz kakasynyň ýegeni tarapyndan tutulandygyny hem sözüne goşdy.

"Partlama sesi eşidilende, men öýlenýän ýigit bilen beýleki otagdadym, soň men hiç kimi tapyp bilmedim. Hemme kişi zalyň içinde sergi bolup ýatyrdy” diýip, ol gürrüň berdi.

Partlama musulmanlaryň Eid al-Adha baýramçylygy soňlanandan birnäçe gün soň, Owganystanyň garaşsyzlygynyň 100 ýyllygynyň bellenmeginiň öňüsyrasynda boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG