ABŞ tarapyndan sanksiýalaryň sanawyna girizilen gurama bilen baglary bolmakda güman edilýän Eýranyň supertankeri 19-njy awgustda Gibraltary terk edeninden soň, Gresiýa tarap ugrady.
Mundan öň, Britaniýanyň territoriýasy ABŞ-nyň gämini mundan beýläk hem saklamak boýunça eden haýyşyny ret edipdi.
Eýran ozal “Grace 1”, häzir hem “Adrian Darya 1” atlandyrylýan gämisiniň Gibraltary terk edendigini tasyklady.
“Biziň tankerimiz 45 günden soň Gibraltary terk edip, halkara suwlaryna tarap ugrady” diýip, Eýranyň Britaniýaky ilçisi özüniň Instagram hasabynda ýazgy galdyrdy.
Üstünde 130 million dollarlyk çyg nebiti bolan tanker Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryny bozmakda şübhelenip, bir aý çemesi wagt Gibraltarda tussaglykda saklanypdy.
ABŞ Eýrana garşy girizen özüniň çäklendirmelerine salgylanyp tankeri ele geçirmekçi boldy. Emma, 18-nji awgustda Gibraltaryň resmileri Birleşen Ştatlaryň tankeri tussaglykda saklamak baradaky täze haýyşyny ret etdiler.