Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň býujeti maliýe aýdyňlygynyň “iň pes şertlerine hem gabat gelmeýär”


Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini belleýärler.

Türkmenistanyň býujeti maliýe aýdyňlygynyň iň pes şertlerine hem gabat gelmeýär diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň daşary ýurtlaryň býujet aýdyňlygy boýunça ýaýradan ýyllyk hasabatynda bellenilýär.

Hasabatda ABŞ-nyň 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygynda maliýe hemaýatyny beren 140 döwletiniň işi seljerilýär. Dokumentde 67 ýurduň iň pes aýdyňlyk şertlerini berjaý etmeýändigi bellenilýär.

“Hasabat döwründe Türkmenistan umumy girdejilerini döwlet gazetinde çap etdi, emma býujet resminamalaryny we salgyt borçnamalaryny aýan etmedi. Býujet barada elýeterli edilen maglumatlar doly bolman, olarda tebigy resurslardan gelen döwlet girdejileri görkezilmeýär. Hökümetiň býujetden daşarky durnuklylyk fondy baradaky maglumatlar köpçülige ýetirilmeýär. Býujet dokumentleriniň ýoklugy sebäpli, býujetiň ygtybarlylygyny kesgitlemek başartmaýar” diýip, hasabatda nygtalýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistana býujet dokumentlerini elýeterli, olaryň doly we ygtybarly etmegini maslahat berýär.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini belleýärler.

Maliýe kynçylyklarynyň fonunda, ýurtda azyk gytçylygy we bahalaryň ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlary hem synlasa bolýar.

Soňky birnäçe ýylda ýurtda nagt pul ýetmezçiligi hem duýulýar.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG