Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar öýsüz itleriň rehimsizlik bilen öldürilmegine garşy protest geçirdiler


Tähranyň günbataryndaky Haştgerd sebitindäki öýsüz haýwanlar üçin niýetlenen penahanadaky işgärler. (arhiw suraty)
Tähranyň günbataryndaky Haştgerd sebitindäki öýsüz haýwanlar üçin niýetlenen penahanadaky işgärler. (arhiw suraty)

Eýranyň paýtagty Tähranda geçen dynç günleri haýwanlaryň hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň onlarçasy şäher resmileri tarapyndan öýsüz itleriň öldürilmegine garşy protest geçirdiler.

Protestler Tähranyň häkimliginiň binasynyň daşynda geçirildi.

Mundan öň, internetde öýsüz itleriň wagşylyk bilen öldürilýän wideosy peýda bolupdy. Itlere, şol sanda güjüklere hem sanjym edilip, olar azap içinde ölüpdiler.

Aktiwistler itlere kislotanyň sanjym edilendigini çaklaýarlar.

Bu sosial ulgamlarynda gahar-gazaply reaksiýalary döretdi. Munuň netijesinde, aktiwistler haýwanlary goramak boýunça kanunçylygy kabul etmek barada çagyryş etdiler.

Tährandaky protestlere gatnaşan aýallaryň biri Azatlyk Radiosyna: “Bu rehimsizlige çydar ýaly däl... Biz bular ýaly zatlara näme üçin şaýat bolmaly? Bu adamzada garşy edilen bir hereket. Bu biçäre haýwanlary gorar ýaly kanunlar gerek” diýip, gürrüň berdi.

19-njy awgustda geçirilen protestlere gatnaşyjylar “Bu gün matam güni” diýen şygary gygyrdylar, şeýle-de Tähranyň häkiminiň wezipeden çekilmegine çagyryş etdiler.

XS
SM
MD
LG