Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ABŞ-nyň raketa synagyny tankytlaýar, Moskwa protesleriniň ähmiýetini peseldýär


Rus prezidenti Wladimir Putin Finlandiýada metbugat ýygnagynda çykyş edýär.

Rus prezidenti Wladimir Putin goňşulykdaky Finlandiýa saparyny ABŞ-nyň gury ýerdäki ganatly raketa synagyny tankytlamak, Moskwadaky protest hereketini kiçeltmek we Orsýetiň goňşularyny harby synag bazasynda bolan partlamadan soň dörän radiasiýa aladalaryndan köşeşdirmek üçin ulandy.

Putin bu pikirlerini 21-nji awgustda, fin paýtagty Helsinkide ýurduň prezidenti Sauli Niinistop bilen duşuşmaga gelende guralan sorag-jogap sessiýasynda aýtdy.

Bu gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda, ykdysady hyzmatdaşlygy, inwestisiýa meseleleri barada gürrüň edilmegine garaşyldy, emma Putiniň metbugat bilen duşuşygy esasan içerki ýagdaýlara halkara meselelere, jedellere bagyşlandy.

Ol Niinistop bilen bilelikde çykyş eden metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň täze raketa synagynyň häzir işlemeýän, ýöne Orsýet bilen baglaşylan Orta aralyga ýetýän ýadro ýaraglary şertnamasynda gadagan edilendigini, munuň täze wehimleri döredýändigini we Kremliň çäre görmegini talap edýändigini aýtdy.

Pentagon 18-nji awgustda adaty ganatly raketany synag edendigini, onuň 500 kmden gowrak aralykdaky nyşanalary urup bilýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG