Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öz ýasan raketa goranyş ulgamyny görkezdi


Prezident Hassan Rohani

Eýran Birleşen Ştatlar bilen dowam edýän gapa-garşylyklaryň fonunda, dartgynlyklaryň ýokarlanýan pursatynda täze, ýurt içinde ýasalan uzak aralyga ýetýän raketa ulgamyny görkezdi.

Prezident Hassan Rohani 22-nji awgustda, ýurduň täze mobil ýer-asman raketa ulgamynyň görkeziliş dabarasynda söz sözläp, Eýranyň “duşmanlary logikany kabul etmese, biz logika esasynda jogap berip bilmeris” diýdi.

"Haçanda duşmanlarymyz bize garşy raketa atanda, biz söz sözläp: “Jenap Raketa, biziň ýurdumyzy we bigünä adamlarymyzy urma, haýyş edýäris. Raketa atýan jenap, mümkin bolsa, düwmäni basyp, raketany howada ýarylar ýaly et” diýip aýdyp bilmeýäris” diýip, Rohani Tähranda eden çykyşynda aýtdy.

Rohaniniň täze raketa görkezilende sözlän sözi Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky söz urşunyň soňky mysal bolup, ýaragly konflikt ähtimallygy baradaky aladalary ýokarlandyrýar.

Birleşen Ştatlar geçen ýyl Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykdy we bu ýurda garşy girizilen ykdysady sanksiýalary dikeltdi.Bu ylalaşyk Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine Tährana garşy girizilen ykdysady sanksiýalaryň gowşadylmagyny wada berýärdi.

Eýranyň ykdysadyýeti nebit we maliýe pudaklaryny nyşana alan sanksiýalardan uly zyýan çekdi.

Eýranyň nebit önümçiligi şu ýyl günde 300,000 barrele we ondan hem az möçbere düşse, ykdysadyýeti 6 prosent peseldi diýip, Halkara walýuta fondunyň hasaplamalarynda aýdylýar. Şol bir wagtda ýurtdaky işsizligiň derejesiniň ýokarlanyp, 12 prosente barandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlar golaýda halkara ýük gämilerine edilen tapgyrlaýyn hüjümlerde Eýrany günäledi, britan tankeriniň tutulyp saklanmagy bolsa, sebitdäki we dünýä derejesindäki ýük gatnawy senagatyna durnuksyzlyk wehimini saldy.

Tähran bu meselede özüne bildirilýän aýyplamalary inkär etse, Waşingtion öz ýaranlaryny deňizde Hormuz bogazyndaky, dünýäniň nebit senagatynyň möhüm geçelgesindäki ýükleri goramak üçin bilelikdäki gorag ulgamyny, patrul döretmäge çagyrdy.

Täze raketanyň,“Bavar-373” ulgamynyň 22-nji awgustdakyaçylyş dabarasy Eýranyň milli goranyş senagaty gününe gabatlanyp guraldy. Harby synçylar bu ulgama Orsýetiň S-300 raketa ulgamy bilen bäsleşik synanyşygy hökmünde seredýärler.

Goranmak ministri Amir Hatami döwlet telewideniýesine bu raketa-gorag ulgamynyň 300 kilometrden hem uzakdaky nyşanalaryanyklap, 200 km uzaklykdaky nyşanalary hatardan çykaryp bilýändigini gürrüň berdi.

Eýran iýun aýynda Pars aýlagynda ABŞ-nyň gözegçilik dronyny ýer-asman raketasy bilen urup ýykdy. Tähran bu dronyň öz territoriýasyna girendigini aýtsa, Birleşen Ştatlar onuň halkara howa giňişliginde bolandygyny aýtdy.

Duşmançylyk ritorikasynyň ýokarlanandygyna garamazdan, Tähran Waşington bilen gapma-garşylyk islemeýändigini tassyklaýar we Birleşen Ştatlaryň öz garşysyna edýän hereketleriniň äsgermezçilige barabardygyny aýdýar.

"Pars aýlagynda uruş bolarmy?... men sizi özümiziň urşa başlamajagymyzy aýdyp bilerin... emma biz özümizi gorarys” diýip, Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif 22-nji awgustda Norwegiýanyň halkara gatnaşyklary institutynda aýtdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG