Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa türkmen gazynyň ýewropa bazarlaryna iberilmeginiň “öňüni baglaýar”


"Russiýa Türkmenistanyň Hazar deňziniň üstünden çekilmeli Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygyny böwetleýär"

Bu sözler Ukrainanyň “Naftogaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Andreý Kobalýewe degişli.

Ýakynda Ukrainanyň “24” habar kanaly Kobalýewiň sözlerini sitirläp, Russiýanyň türkmen gazynyň Hazaryň üsti bilen ýewropanyň bazarlaryna eksport edilmeginiň öňüni baglaýandygyny habar berdi.

“Russiýa Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky deňiz gaz geçirijisiniň gurluşygyny böwetledi. Bu geçirijiniň kömegi bilen türkmen gazynyň ýewropa bazaryna çykmagyna mümkinçilik bolardy” diýip, ukrain mediasy “Naftogazyň” başlygynyň sözlerini sitirledi.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzinden çekilmegi göz öňden tutulýan gaz geçiriji taslamanyň üsti bilen Türkmenistanyň tebigy gazynyň Günorta gaz koridoryna birikdirlip, onuň Ýewropa bazarlaryna iberilmegi maksat edinilýär. Energiýa boýunça bilermenler bu taslamanyň Türkmenistanyň energiýa eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyna, şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşiginiň tebigy gazyň üpjünçiliginde Russiýa garaşlylygyny azaltmagyna ýardam berjekdigini aýdýarlar. Hazarýaka döwetlerinden Russiýa we Eýran deňizden çekiljek geçirijiniň Kaspiniň ekologiýasyna zyýan ýetirmegine alada bildirýändiklerini aýdýarlar.

Beýleki tarapdan, 13-nji awgustda türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan orient.tm saýty SINOPEC Engineering Group hytaý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ýewropaly Air Liquide Global E&C Solutions kompaniýasynyň, şeýle-de Edison Technologies we MMEC Mannesmann ýewropa kompaniýasynyň Trans-Hazar geçirijisini gurmaga taýýardyklaryny aýdyp çykyş edendiklerini habar berdi.

Neşir agzalýan kompaniýalaryň konsorsiumy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow we Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça maslahatçysy Ýagşygeldi Kakaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda maslahat edilendigini habar berdi.

Bu habaryň yzýany, metbugat habarlaryna görä, Air Liquide fransuz kompaniýasy bu maglumaty ret edip, beýanat ýaýratdy.

Merkezi Aziýa we energiýa meseleleri boýunça bilermen Brýus Panniýer 22-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Trans-Hazar gaz geçiriji taslamasynyň töweregindäki aktual meseleler barada gürrüň berdi.

“Rusýa köpden bäri muny şeýdip gelýär, [ýagny Trans-Hazar gaz taslamasyna garşy çykyp gelýär]. Ol gönüläp, “biz Trans-Hazar gaz geçirijisine garşy çykýarys” diýmeýärler, ýöne olar mydama daşky ekologiýa meseleleri bilen bagly aladalary gozgaýarlar” diýip, Panniýer aýtdy.

Ekspertiň sözlerine görä, Russiýanyň bu taslama bilen doly ylalaşmaýan äheňde çykyş etmegi onuň gurluşygyna gatnaşmak isleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň töwekgelçilik sebäpli “elini sowadýar”.

“Bu ýagdaý taslama daşary ýurt inwestisiýalaryny çekmek mümkinçilikleriniň öňüni baglaýar. Türkmenistanyň bu proýekte maýa goýmajagy belli zat” diýip, Panniýer aýtdy.

“Men orient.tm saýtynda we beýleki käbir saýtlarda 3-4 sany ýewropaly we hytaýyň kompaniýalarynyň, hamala, Trans-Hazaryň gurluşygy boýunça konsorsium döredýändigi baradaky habary hut özüm gördüm. Soňra konsorsiuma gatnaşýandygy aýdylan fransuz Air Liquide toparynyň bu maglumaty ret edýändigini, hem-de özleriniň bu zatlardan asla habarlarynyň ýokdugyny aýdyp beýanat ýaýradandygyny bilip galdyk” diýip Panniýer aýtdy.

“Bu habar tutuşlygyna toslama, ýa-da tas tutuşlygyna toslama bolup çykdy. Onsoň, bu ýurda nädip maýa goýmak üçin pul harçlajak?” diýip, Panniýer sözüniň üstüni ýetirdi.

Ekspert hususan-da soňky ýyllarda Russiýanyň döwlet ýolbaşçylarynyň ýa-da ýokary derejeli resmileriniň we hökümet toparlarynyň arasynda geçirilýän duşuşyklar ýygjamlaşdygyça, Türkmenistanda Trans-Hazar gaz geçiriji taslamasy baradaky resmi çykyşlaryň seýrekleşendigini aýdýar.

Ol eger taslamanyň gurluşygynda rus kompaniýalary orun alyp başlasa, munuň amala aşmak mümkinçilikleriniň durmuşa geçiriljekdigini çaklaýar.

Eýran özüne goňşy ýurtlaryň daşary döwletlere energiýa eksportynda öz infrastrukturasyndan peýdalanylmagyny teklip edýär; Trans-Hazaryň gurluşygyna onuň daşky gurşawa ýetirýän täsirine salgylanyp, gönüden-göni garşy çykýar.

Panniýeriň pikiriçe, Russiýa Kaspiniň ekologiýa ýagdaýyna salgylanyp, Trans-Hazaryň gurluşygyna gytaklaýyn garşy çykýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG