Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda, Daşoguzda we Lebapda benzin ýetmezçiligi dowam edýär


Daşogzuň Ruhybelent etrabyndaky ýangyç stansiýasy. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda A-95, A-93 we A-80 markaly benziniň gytçylygy dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.

“Mary welaýatynda A-95 we A-93 markaly ýangyç hiç ýerde ýok. A-95 markaly benzini diňe Mary-Aşgabat awtobandaky ýangyç stansiýasynda tapsa bolýar. Başga hiç ýerde ýok. Adamlar ýangyç guýulýan stansiýalaryň ençemesine aýlanyp, ýöne bu markaly benzinleri tapmaýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 23-nji awgustda gürrüň berdi.

Habarçy Lebap welaýatynda-da benzin gytçylygynyň ýiti derejede dowam edýändigini, Daşoguzda bolsa diňe A-80 markaly benziniň tapdyrýandygyny, ýöne muny-da regionyň çäkli möçberdäki ýangyç stansiýalaryndan satyn alyp bolýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçy Mary welaýatynyň käbir ýangyç guýulýan stansiýalarynda A-92 we A-80 markaly benziniň satylýandygyny, emma bularyň hiliniň “örän pesdigini” belleýär.

“A-92 we A-80 markaly benzin guýup sürýänler olaryň arasynda tapawudyň ýokdugyny aýdýarlar. A-92 we A-80 ýazylgy benzin kalonkalarynyň her birinden aýry-aýry çüýşe gaba benzin guýup görseň, olaryň ikisiniň hem reňki birmeňzeş. Sürüjiler A-80 markaly benziniň A-92 markaly benziniň bahasyna satylýandygyny, adamlaryň aldawa düşürilýändigini aýdýarlar. ‘Halk içinde A-92 markaly benzin bar diýdirmek üçin edilýän aldaw’ diýip, sürüjiler aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Häzirki wagt Mary welaýatynda 1 litr A-80 markaly benzin 1 manatdan, A-92 markaly benzin 1,30 manatdan we satuwa çykarylanda A-93 markaly benzin 2 manatdan, A-95 markaly benzin 1,50 manatdan satylýar.

Maryly ulag eýeleri benzin ýetmezçiligi sebäpli, pes hilli ýangyjy ulanmaly bolýandyklaryny, emma munuň ulaglary hatardan çykarýandygyny aýdýarlar.

“Benziniň hili pesligi sebäpli ulagyň dwigatelleri derrew oturýar, maşyn gowy çekmeýär. Soňky ýyllarda öndürilen, täze ulaglaryň hem dwigatelleri bejertmäge goýýarlar. Ussalar-datäze ulaglaryň dwigatelleriniň şeýle zaýalanmagyna geň galýarlar. Käbir adamlar benziniň ýokary hillisi satuwa çykarylýança täze ulaglaryny sürmän, gapysynda goýýarlar. Olar ‘sürsek has köp çykdajy bolar’ diýýärler” diýip, habarçy ýerli ulag eýeleriniň ençemesine salgylanyp aýtdy.

Azatlyk Radiosy urduň regionlarynda dowam edýän benzin gytçylygy barada Türkmenistanyň “Türkmennebitönümleri” döwlet kompaniýasyndan kommentariý alyp bilmedi. Bu barada “Türkmennebitönümleriniň” resmi websaýtynda-da hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda benzin gytçylygy yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar. Ýöne bu gytçylyk şu ýylyň iýun aýynyň başyndan bäri has-da güýçlendi.

Iň soňky gezek 19-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy ýerli ýangyç stansiýalarynda A-95 markaly benziniň satuwdan aýrylandygyny habar berdi. Şol güni Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bolsa, ýurduň gündogarynda diňe bir A-95 markaly benziniň däl, eýsem A-92 markaly benziniň hem satylmaýandygyny habar berdi.

Ýurtda benzin ýetmezçiliginiň dowam edýän wagtynda häkimiýetler ýurduň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda öndürilýän ýangyjyň agramly böleginiň eksporta niýetlenendigini we daşary ýurtlara satylýan ýangyjyň mukdarynyň artdyrylýandygyny habar berýärler.

28-nji iýunda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda umumy bahasy 1,7 milliard amerikan dollaryna barabar bolan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy.

“Zawodyň taslama kuwwaty 600 müň tonna bolup, onda bir ýylyň dowamynda 12 müň tonna dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berdi.

Geçen ýylyň 27-nji dekabrynda “Türkmenistan: Altyn Asyr” saýty Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýylyň dowamynda 500 müň tonna benziniň, dizel ýangyjynyň, mazudyň we garasakgyjyň öndürilendigini we bu önümçiligiň agramly böleginiň daşary ýurtlara eksporta niýetlenendigini mälim etdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda benzin we dizel ýangyjynyň gytçylygy dowam edýän mahalynda, türkmen hökümeti ynsanperwer kömek hökmünde goňşy Owganystana ýangyç iberdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda çap edilen maglumata görä, demir ýol arkaly iberilen 60 tonnadan ybarat bolan ýangyç 1-nji iýulda Türkmenistandan Owganystanyň “Akina” stansiýasyna iberildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG